Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany Owganystanda has ulurak rol oýnamak ugrunda


Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah bin Abdulaziz Al Saud (sagda) Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen Riýadda, 2010-njy ýylyň 3-nji fewraly.

Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah bin Abdulaziz Al Saud (sagda) Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen Riýadda, 2010-njy ýylyň 3-nji fewraly.

Saud Arabystany Owganystany ençeme ýyllap yzygiderli goldasa-da, bu goldaw göze dürtülip durmaýardy. Ýöne indi bu ýagdaý üýtgärli görünýär.

Ilatynyň aglaba köplügi sünnülerden durýan bu güýçli patyşalyk, çet ýurtly güýçler Owganystandan çekilmäge taýýarlanýarkalar, bu ýurtda ulurak rol oýnamak ugrundaky tagallalary bilen, öz şaýy bäsdeşi Eýranyň gös-göni garşysyndan turýar.

Owgan hökümeti 29-njy oktýabrda Er-Riýadyň Kabulda ençeme million dollarlyk "Yslam kompleksini" gurjakdygyny habar berdi. Bahasy 45 million dollar bilen 100 million dollar aralygy diýip çaklanýan bu proýekt barada iki ýurduň arasynda Jiddede ylalaşyga gelindi. Onuň gurluşygyna hem geljek ýyl başlanar diýilýär.

Gurlup tamamlanansoň, bu kompleks eýranlylaryň Kabulyň günbatarynda guran "Hatam-al Nabiýin" atly Yslam uniwersitetine güýçli bäsdeş bolar. 2006-njy ýylda ulanyşa berlen bu şaýy dini mekdebini Owganystanyň Eýrana gol ýapýan bir ruhanysy gurdurdy. Oňa edilen çykdajy 17 million dollar töweregi.

Tomas Ruttig Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň öňki diplomaty, Kabulda ýerleşýän "Owganystan analitikleriniň ulgamy" atly garaşsyz guramanyň başlygy. Ol bu ýagdaýa ilatynyň aglabasy sünni we ekstremistik Wahaby toparyny goldaýan Saud Arabystany bilen şaýy mezhepli Eýranyň arasyndaky agressiw bäsdeşlik diýip garaýar. Onuň pikiriçe, munuň, çak edilişine görä, ilatynyň 85 prosenti sünni, 15 prosenti hem şaýylardan ybarat Owganystanda mezhepçilik dartgynlylygyna getirmegi mümkin.

Ol bu hakda öz pikirini şeýle beýan edýär: "Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyk gaty dartgynly. Bu ýurtlar iki ýurduň arasyndaky mezhep tapawudyna esaslanyp, Owganystanda täsir ugrunda bäsleşer. Owganystanda sünni-şaýy gatnaşygy şu wagta çenli bütinleý durnukly bolup geldi. Ýöne iki tarap 2014-nji ýyldan soň Owganystanda dörän ýagdaýa boşluk diýip düşünip, öňkülerinden has agressiw hereket etseler, bu durnuklylyga zyýan ýetmegi mümkin".

Owganystanda mezhepçilik dartgynlylygynyň artmak mümkinçiligi bu ýurtda barha güýjeýän dini ekstremizmden aladalanýan Orta Aziýany we Hytaýy-da aýak üstüne galdyrar.

Saud Arabystany Owganystanda täsir ugrunda hemişe bäsleşip gelen esasy aktýor diýip delil getirilmegi mümkin. Ol 1980-nji ýyllarda sowet basybalyjylygyna berlen owgan gaýtawulyny maliýeleşdiren esasy döwletleriň biri. Er-Riýad 1990-njy ýyllarda hem "Talybanyň" ýaraglanmagyna kömek etdi. Soňky ýyllarda bolsa sahnanyň aňyrsynda durup, "Talyban" bilen owgan hökümetiniň arasyndaky ýaraşyk gepleşiklerine araçylyk etmäge synanyşdy.

"Talyban" bilen gepleşik geçirmek üçin prezident tarapyndan bellenen Owganystanyň Ýokary ýaraşyk geňeşiniň daşary gatnaşyklar boýunça maslahatçysy Muhammad Ismail Kasymýar Saud Arabystanynyň ýaraşyk gepleşiklerine araçylyk etmäge ak ýürekden meýil görkezendigini aýdýar: "Biz Saud Arabystanynyň wadalaryny gyzgyn garşylap, bu dostlukly hyzmatdaşlyk ýaramly netijelere getirer diýip umyt edýäris. Bu wadalaryň miwe bermegine şaýat bolarys diýip umyt edýäris".

Ýöne "Talybanyň" öňki sözçüsi, syýasy analizçi Wahid Mužda muňa şübheli garaýar. Ol bu meselede şeýle diýýär: "Talyban Saud Arabystany biz barada bir duşman ýaly hereket etdi diýýär. Ol bitarap bolman, Günbatar ýurtlarnyyň tarapyny çalypdyr. "Talyban" Saud Arabystanyny araçy diýip ykrar edenok".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG