Sepleriň elýeterliligi

Görkezijiler: Obama gaýtadan saýlandy


Birleşen Ştatlaryň teleradio aragatnaşyk serişdeleriniň saýlaw netijeleri boýunça berýän deslapky maglumatlary prezident Barak Obamanyň öz Respublikan bäsdeşi Mitt Romniden üstün çykyp, onuň dört ýyllyk prezidentlige ikinji möhlete saýlanandygyny görkezýär.

Sesler entek hem sanalýar, ýöne öz aralarynda ýakyndan basleşýän sallançak ştatlarda Obamanyň esasy ýeňişlerini gazanandygy aýdylýar. Şol ştatlardaky saýlaw sesleri Amerikanyň prezidentlik saýlawlaryndaky deňagramlylygy üýtgedip bilýän netijeler hasaplanýardy.

Bölekleýin resmi netijelere salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň media aragatnaşyklarynyň berýän maglumatlaryna görä, Obama häzire çenli Saýlaw Kollegiýasynynyň 303-niň sesini alypdyr. Prezidentlige saýlanmak üçin 538 wekilden ybarat Saýlaw Kollegiýasynynyň 270 sesi gerekdi.

Obamanyň häzirki görkezilýän ýeňşi Miçigan, Nýu Hempşir, Pensilwaniýa we Wiskonsin ýaly sallançak ştatlardan geldi. Onuň günbatardaky Kaliforniýa, Oregon, Waşington ýaly ştatlarda, şol sanda özüniň ýetginjeklik ýyllarynyň geçen ýeri bolan Gawaýi ştatynda hem ýeňiş gazanandygy görkezilýär.

Romniniň häzire çenli Saýlaw Kollegiýasynyň 203 sesini alandygy görkezilýär. Onuň ýeňiş gazanan ýerleriniň arasyna Demirgazyk Karolina ştaty hem girýär. Tehas, Arizona, Luiziana we Jorjiýa ştatlary hem şolaryň arasynda.

Saýlaw kollegiýasy ýurt boýunça iň köp sesleri däl-de, prezidentligi kesgitleýär. Saýlaw kollegiýasynyň ştatlardaky wekilleriniň sany ştatyň ilat sanyna bagly.
XS
SM
MD
LG