Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barak Obama ikilenji gezek prezident saýlandy


Prezident B.Obama we wise-prezident J.Baýden Çikagoda öz ýeňişlerini garşy alýarlar. Çikago, 7-nji noýabr, 2012.
Prezident B.Obama we wise-prezident J.Baýden Çikagoda öz ýeňişlerini garşy alýarlar. Çikago, 7-nji noýabr, 2012.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 6-njy noýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijeleri belli bolup, onda prezident Barak Obama ikilenji gezek ýeňiş gazandy.

Bu prezidentlik saýlawlarynda demokrat Obama Respublikan partiýadan dalaşgär Mitt Romniden üstün çykdy. Saýlawlaryň netijeleri belli bolansoň, giçlik, 7-nji noýabra geçilen gije Barak Obama Çikago şäherinde öz tarapdarlarynyň öňünde ýeňiş sözi bilen çykyş etdi.

Bu çykyşynda ol: “Şu gije bu saýlawlarda siz, Amerikanyň halky, bir zady zady ýatlatdyňyz, ýagny biz öz barýan ýolumyzyň kynçylyklaryna we ýoluň uzaklygyna garamazdan, özümizi ele aldyk, öz ýolumyzy ýene göreşip gazandyk. Şol bir wagtyň özünde-de, biz Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin gowy günleriň heniz öňdedigini ýüregimiz bilen duýýarys” diýip, nygtady.

Wideoda: B.Obama Çikagoda ýeňiş sözi bilen çykyş edýär.

Barak Obama ýeňiş sözi bilen çykyş etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

Barak Obama Çikagodaky öz saýlaw kampaniýasynyň merkezinde eden çykyşynda öz garşydaşy Mitt Romni bilen telefon arkaly gürleşendigini hem-de onuň bilen duşuşmak we “ýurdy öňe hereket etdirmek” meseleleri barada maslahatlaşmak isleýändigini aýdandygyny mälim etdi.

Şol bir wagtda ABŞ-nyň Boston şäherinde öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş eden Mitt Romni: “Men ýaňy prezident Obama jaň edip, ony ýeňşi bilen gutladym. Onuň tarapdarlary we onuň saýlaw kampaniýaçylary-da gutlanmagy mynasyp. Men olaryň hemmesine, aýratynam, prezidentiň özüne, onuň aýalyna we olaryň gyzlaryna gowulyk arzuw edýärin. Häzirki döwür Amerika üçin uly synaglaryň döwri, şoňa görä-de men öz ýurdumyzy alyp gitmekde prezidentiň işiniň şowly bolmagyny dileg edýärin” diýip belledi.

2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlary dalaşgärlere berlen sesleriň örän ýakyn netije görkezen saýlawlaryndan biri boldy. Öten agşam saýlawçylaryň pikiriniň deňme-deň diýen ýaly bölünen ştaty bolan Ogaýo ştatynda Barak Obamanyň ýeňiş gazanandygy belli bolandan soň, ABŞ-nyň saýlaw sistemasyna laýyklykda Obamanyň zerur bolan 270 ses sanawyny gazanandygy-da belli boldy.

Saýlawlaryň öňýany “ikirjiňlenýän ştatlar” diýlip hasaplanylan Wirjiniýa, Ogaýo, Aýowa, Miçigan, Nýu-Hempşir, Pensilwaniýa we Wiskonsin ýaly şatatlaryň aglabasynda Barak Obama has köp ses aldy.

Saýlawlaryň soňky netijeleri ABŞ-nyň 44-nji prezidenti Barak Obamanyň mümkin bolan 538 saýlaw sesiniň 303-sine eýe bolandygyny görkezýär. Mitt Romniniň gazanan saýlaw sesi bolsa 206.

ABŞ-da prezidentiň saýlanmagy diňe bir saýlawçylaryň sesleriniň köplügine bagly bolman, eýsem soňky netijede ştatlaryň wekillerinden ybarat Saýlaw Kollegiýasynyň saýlaw sesine-de bagly bolýar. Bu Saýlaw Kollegiýasy bolsa 538 wekilden ybarat. Her bir ştata degişli saýaw sesi ol ştatlardaky ilatyň sanynyň köplügine ýa azlygyna bagly bolýar.
XS
SM
MD
LG