Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Obama Türkmenistanda-da goldaw gazandy


Aşgabadyň “Ak-altyn” muhmanhanasynda amerikan saýlawlarynyň hormatyna gurnalan banketde ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Robert Patterson (sagda) söz sözleýär. Aşgabat, 7-nji noýabr, 2012.
Aşgabadyň “Ak-altyn” muhmanhanasynda amerikan saýlawlarynyň hormatyna gurnalan banketde ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Robert Patterson (sagda) söz sözleýär. Aşgabat, 7-nji noýabr, 2012.
ABŞ-da geçirilen prezidentlik saýlawlary üçin ses berişlikler dünýäniň dürli ýurtlarynda iş alyp barýan amerikan ilçihanalarynda, şol sanda Aşgabatdaky ilçihanada-da geçirildi.

Şu geçirilen ses berişlikler bilen baglanyşykly Azatlyk Radiosy Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet we maglumat bölüminiň başlygy Braýan Stimmler bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Stimmler, siziň pikiriňizçe, Birleşen Ştatlarda geçirilen bu soňky prezidentlik saýlawlarynyň esasy aýratynlygy nämede?

B.Stimmler: Uzaga çeken saýlaw möwsümi tas iki ýyla golaý dowam etdi. Dalaşgärler saýlaw möwsüminiň örän köp bölegini birek-birek bilen çekeleşiklere bagyşladylar. Saýlawlaryň geçirilýän gününiň ýetip gelmegi bilen, hemmeler kimiň prezident saýlanjakdygyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlaýar.

Ýöne ilat arasyndaky dürli syýasy garaýyşlara garamazdan, amerikalylar özlerinde bar bolan demokratik prosese örän buýsanýarlar. Amerikalylaryň hemmesi şu günki gün halkyň özüniň öz prezidentini saýlaýandygyna buýsanýar.

“Ak-altyn” muhmanhanasynda amerikan saýlawlarynyň hormatyna gurnalan banketde. Aşgabat, 7-nji noýabr.
“Ak-altyn” muhmanhanasynda amerikan saýlawlarynyň hormatyna gurnalan banketde. Aşgabat, 7-nji noýabr.
Azatlyk Radiosy: Barak Obamanyň geçen prezidentlik döwründe türkmen-amerikan gatnaşyklarynda belli bir öňegidişlikleriň bolandygy aýdylýar. Obamanyň gaýtadan döwlet başyna gelmegi bilen, türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň geljegi barada nähili özgerişliklere garaşyp bolar?

B.Stimmler: Köp adamlaryň Amerikada prezidentleriň çalyşmagy, aýratynam dürli partiýalardan bolan prezidentleriň çalyşmagy bilen amerikan syýasaty-da düýpli özgerýär diýen garaýşa eýerýändiklerine garamazdan, hakykat ýüzünde täze prezidentiň wezipä geçmegi bilen, ABŞ-nyň daşary syýasatynda nähilidir bir düýpgöter özgerişlik bolmaýar.

Umumy alnanda, ABŞ-nyň daşary syýasaty örän maksada gönükdirilen syýasat. Täze prezidentiň gelmegi bilen, biziň maksatlarymyz we planlarymyz düýpli bir özgermeýär.

Azatlyk Radiosy: Ilçihanadaky siziň maglumat we medeniýet merkeziňiz bu prezidentlik saýlawlaryna nähili taýýarlyklar bilen geldi.

B.Stimmler: Türkmenistanda ýaşaýan amerikaly hökmünde meniň özüm-ä bular ýaly wakalary örän şatlykly garşy alýaryn. Käte men Amerikada ýaşamaýandygyma we şular ýaly wakalaryň şatlygyny öz maşgala agzalarym, dost-ýarlarym we goňşy-golamlarym bilen paýlaşyp bilmeýändigime birneme gynanýaryn.

Şu nukdaýnazardan, biziň bu wakany şu ýerde, Aşgabatda gurnap, Türkmenistanda ýaşaýan amerikan raýatlarynyň şu ýere gelmeklerini, bu waka gatnaşyp bilmeklerini we muňa tomaşa edip bilmeklerini ýola goýmagymyz örän ajaýyp ýagdaý. Mundan daşary, biziň bu wakany Türkmenistanyň hökümetiniň we Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleri bilenem paýlaşyp bilmegimiz meniň üçin aýratyn bir gün boldy.

Biz bu gün şu ýerde saýlawlary belläp geçdik. Ol Obamanyň ýeňşine bagyşlanyldy. Bu ýerdäki amerikalylaryň köpüsine saýlaw gününden birneme öňräk hem ses bermäge mümkinçilikler döredildi. Biz muny gaýybana ses berişlikler arkaly gurnadyk.

Aşgabatda geçirilen bu ses berişliklerde prezident Obama sesleriň 82 prosentine eýe boldy. Beýle diýmek, berlen umumy 94 sesden 77 sesi aňladýar.
XS
SM
MD
LG