Sepleriň elýeterliligi

Umyda: "Begenjimi düşündirip bilemok"


Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak mekeziniň binasy. Aşgabat, 14-nji dekabr 2005 ý.

Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak mekeziniň binasy. Aşgabat, 14-nji dekabr 2005 ý.

Umyda iki çaganyň enesi, Lebapda ýaşaýan ýaş gelin. Bu ýaş gelniň aýtmagyna görä, oňa Türkmenistanda iki gezek gepatit C diagnozy goýlup, bu kesel çagaňa-da ýokaşmagy mümkin diýlensoň, ol Türkiýä gaýdypdyr.

Ol Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şol diagnozlardan soň öz janyndan geçendigini, emma çagasyny halas etmek üçin, Türkiýedäki lukmanlara ýüz tutmaly bolandygyny aýdýar.

Türkiýeli lukmanlar şol diagnozlary ret edip, diňe Umydanyň däl, bu wirusyň onuň çagasynda hem ýokdugyny aýdypdyrlar. Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Umyda bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Umyda, siz saglygyňyzy barlatmak üçin, Türkmenisatndan Türkiýä gelipsiňiz. Nähili keseliňiz bar? Doktorlar näme diýýärler?

Umyda: Men üç aýlyk göwreli wagtym menden gepatit wirusyny tapdylar. Men oňa ynanman, ýene-de başga bir hassahana analiz tabşyrdym. Ol ýerde hem menden şol gepatit C-ni çykardylar. Şol uçýota duran döwrümde, şol gepatit C bilen meni infeksionnaýa bolnisa naprawleniýe bilen ýatyrmaga iberdiler. Ýöne men ol ýerde ýatmaga gorkdum. Sebäbi men göwreli wagtymdy, [ol wagt] aýalda immunitet pese düşýär. Meniň ol ýerde ýene bir kesele duçar bolasym gelenok. Şonuň üçin men ýatmadym.

Azatlyk Radiosy: Soň näme etdiňiz? Çagaňyzy dogurýançaňyz garaşdyňyzmy?

Umyda: Maňa aýtdylar: “Çaga-da şol gepatitiň senden geçmegi mümkin. Ony kesmek üsti bilen etseň, çaga geçmezligi ähtimal”. Ýöne men kesilmegime razy bolmadym. Men çagam dogulynça garaşdym. Ine, maňa indi şol gepatit C-niň ýagdaýy bilen, dieta tutmaly diýdiler, ähli zady iýmek bolanok. Men çagamdan gorkdum. Şonuň üçin men çagamy Türkiýä alyp geldim, çagamy barlatmaga. Şol çagamy barladamda özümem barladaýyn diýdim. Bardym hassahana. Mende gepatit C-ni tapmadylar. Bu taýda çagamda-da tapmadylar. Men şeýle bir begendim. Maňa Türkmenistanda şol gepatit C-e çykanda, ähili ruhy taýdan şeýle bir [pese] düşdüm, men nädip ýaşajagymy göz öňüne getirip bilemok. Nädip men… çagamyň geljegini men oýladym. Indi çagada-da bolsa?! Men özüm boljagym boldy, el ýuwdum özümden, ýöne çaganyň geljegini? “Nädip ol ýaşar?” Şony men oýlandym.
Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň binasy. Aşgabat, 16-njy iýul, 2009 ý.

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň binasy. Aşgabat, 16-njy iýul, 2009 ý.


Azatlyk Radiosy: Bu diagnoz goýlaly ep-esli wagt bolana çemeli. Häzirki wagtda Türkiýä gaýtmagyňyza näme sebäp boldy?

Umyda: Men eşitdim, bu taýda örän oňat. Soňam bärde tanyşlarym kän-dä. Şonuň üçin tanyşlarym bilen habarlaşdym. Soň bu taýa wiza-da gerek däl. Şu ýakyndaky ýer, maňa golaý ýer, şonuň üçin men bu taýa gaýtdym.

Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaýlar, ýagny Türkiýä gaýtmagyňyz maşgalaňyza, maşgala býutjetiňize nähili täsir ýetirdi?

Umyda: Men uly çagamy ýoldaşymyň ýanynda goýup gaýtdym. Ol hem işden galdy. Işden galsa, oňa aýlyk tölenmeýär. Uly çagamy goýup gaýtdym, kiçimi alyp gaýtdym bärik. Kiçi çaga bilen-de ýola çykmak örän kyn. Çykdaýjymyzam örän kän boldy. Şu taýa gelmek – 500 dollar ýoly bolýar. Ýaşaýşyňam bärde ýetik. Umuman alanda, şu taýa gelip obsledowanie edip, ýol pulum, harajadym şu iki müňe (2000 $) golaý geldi.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň keselhanalary nähili ekeni? Eýsem türk lukmanlarynyň goýýan diagnozlaryna ynamyňyz barmy?

Umyda: Biziňki bilen deňär ýaly däl. Bizde şol gepatit C-niň analizini tabşyrýaň baryp, [soňam] dört-bäş gün garaşýaň jogabyna. Bärde bolsa iki-üç sagadyň dowamynda aýdýarlar. Hemme zat bu taýda kompýuteriň üsti bilen. Bizde tabşyrýaň, ýene-de şo ýere baryp, gaýtadan jogabyny alýaň. Bu taýda hiç ýere ýöremek-de gerek däl. Şol haýsy wraça ýüzlenseň, şoňa-da jogaplary gelýän ekeni. Öň ýokdy bu gepatite test almak barlagy, bu 2009-da çykdy. Men uly çagamy 2008-nji ýyl dogurdym. Şol wagt gepatitiň testi ýokdy, alanokdylar göwrelilerden. Häzir bolsa ähli göwrelilere ýa-da keselehana [bir ýerim agyrýar diýip], arz edip baran adamlara, ählisine şu gepatit (sary getirme boýunça) analiz tabşyrmagy zerur şert [edip goýýalar] wraçlar.

Azatlyk Radiosy: Beýle edilmeginiň sebäbini siz nämeden görýärsiňiz?

Umyda: Sebäbini bilemok, ýöne [keselhana barsaň], şu gepatit [keselini] [tapyp] çykarýarlar. Şunuň bellisini dogry bilmeselerem şolar, näme üçin bize wraçlar naznaçeniýe ýazyp berýärler? Ýok keseli bilmän, nädip olar anyklaýarlar? Mende hiç ynam galanok, doktorlara, şol wraçlara ýüzlenmek ýa-da bir analiz tabşyrmak, hijem ynamym galmady şol wraçlara.

Azatlyk Radiosy: Umyda, türkiýeli doktorlar “siz sagdyn, onuň ýaly keseliňiz ýok” diýende, nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

Umyda: Men ynanyp bilemok, şeýle bir dünýä, nädip diýsem, gaýtadan doglan ýaly, bir begenjegimem bilemok, aglajagymam bilemok. Hiç bilemok-da, maňa Türkmenistanda şu gepatit C-ni barada aýdan wagtlary men ähli zat elimden düşen ýaly, bir ýere siňip giden ýaly boldum. Meniň hiç zat gözüme görnenok, şol bada. Bärde aýdan wagtlarynda, men begenjimden aglap, şatlanyp, gaýtadan eneden doglan ýaly bolandyryn. Men-ä bilemok. Şu begenjimi düşündirip bilemok men.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG