Sepleriň elýeterliligi

Halkara jemgyýetçiligi Obamanyň saýlawlardaky ýeňşini gutlaýar


Ýewropa Bileleşigi Barak Obamany ikinji dört ýyllyk prezidentlik möhletine saýlanmagy bilen gutlady.

Çarşenbe güni irden ýaýradan beýanatynda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Manuel Barroso hem-de ÝB-niň prezidenti Herman Won Rompuý ABŞ-nyň lideri bilen “ýakyn hyzmatdaşlygy” dowam etdirmek isleýändiklerini bellediler.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Obamanyň täzeden prezident saýlanmagyny gutlady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar “ozalkysyndan hem berkedi” diýdi.

Orsýetiň Döwlet Dumasy hem Obamany Respublikan Mit Romneýden ýeňşi bilen gutlady we Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklarda “täzeçe ýola goýmak” syýasatyny dowam etdirjekdigine umyt baglady.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň sözçüsi saýlawlaryň netijesine gowy baha berdi we Obama goňşy Pakistandaky terrorçylary ýok etmäge çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG