Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moskwanyň sudy aktiwistleriň suddan öň tussag edilmegine kanuny diýýär


Çarşenbe güni Moskwanyň sudy aktiwist Leonid Razwozžaýewiň suddan öň tussag edilmegine kanuny diýip karar çykardy.

Razwozžaýew geçen aýda Moskwada köpçülikleýin gozgalaň turuzmaklygy planlaşdyranlykda aýyplanyp tussag edildi.

Oktýabr aýynda sülçüleriň aýtmaklaryna görä, Razwozžaýew häkimiýetlere özi gelip, Gürjüstanyň resmileriniň maý aýynda Kremle garşy demonstrasiýany maliýeleşdirendigini aýdypdyr.

Çarşenbe güni sud diňlenişiginde Razwozžaýew öz boýun alan günasini ret etdi.
Şol bir wagtyň özünde Razwozžaýewiň aklawçysy Ukraina gaçybatalga almak üçin baran Razwozžaýewiň Kiýewden Moskwa alnyp gaçylandygyny, onuň garşysyna zorluk ulanylandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň metbugat ataşesi Jozef Kruziç geçen aýda Orsýetiň mediasyna beren maglumatynda Waşingtonyň Orsýetiň daşary işler ministrligine Razwozžaýewiň ýagdaýy bilen bagly ýüz tutandygyny we Moskwanyň “bu işi içgin derňemegi” sorandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG