Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran Ýadrodan azat Ýakyn Gündogar konferensiýasyna gatnaşar


Sişenbe güni Tähran Ýakyn Gündogarda ýadrodan azat zonany döretmek boýunça dekabar aýynda geçiriljek halkara konferensiýasyna gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Halkara atom energiýasy boýunça agentligindäki Eýranyň ilçisi Ali Ashar Soltanei bu barada Brýusselde mälim etdi. Ol bu ýerde ýadrony ýaýratmazlyk boýunça geçirilýän seminara gatnaşýar.

Finlýandiýanyň helsinki şäherinde geçiriljek bu konferensiýanyň anyk wagty häzirlikçe belli edilmedi.

Bu konferensiýada asuda däl regionda ýadrodan azat zonany döretmek meselesine garalar.

Tähran birnäçe ýylyň dowamynda günbatar ýurtlary bilen öz ýadro programmasy boýunça gepleşikler geçirip gelýär.
XS
SM
MD
LG