Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda janyndan geçen hüjümçi polisiýa işgärlerini öldürdi


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherinde janyndan geçen hüjümçi polisiýanyň ýokary derejeli sülçüsini we ýene azyndan üç polisiýa ofiserini öldürdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Maşal gullugynyň maglumatyna görä, hüjümde polisiýanyň ýolbaşçysy Hilal Haider öldürilipdir. Bu hüjüm köp märekeli Kissa Hwani bazarynda ýüz berdi.

Bu hüjümde ýene azyndan 27 adam ýaralandy we keselhana eltildi.

Maşal Radiosy bilen telefon arkaly gepleşikde Pakistanyň Talybanlarynyň sözçüsi Peşawar şäherinde ýüz beren partlamanyň jogapkärçiligini öz üstlerine alandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG