Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň gurultaýyndan uly täzelige garaşylýar


Polisiýa işgäri Pekiniň Halk maslahatlary köşgüniň öňünde garawulçylyk çerýär.Pekin, 7-nji noýabr, 2012.

Polisiýa işgäri Pekiniň Halk maslahatlary köşgüniň öňünde garawulçylyk çerýär.Pekin, 7-nji noýabr, 2012.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň penşenbe güni açylýan 18-nji gurultaýynda täze nesle degişli liderleriň bir toparynyň möhüm wezipelere bellenilmegine garaşylýar.

Şu nukdaýnazardan Kompartiýanyň bu gurultaýyna Hytaýyň soňky onýyllygynda iň bir möhüm maslahatlaryň biri hökmünde garalýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Chatham House” atly syýasy barlaglar merkeziniň Hytaý boýunça analitigi Rod Wýe täze nesliň wekilleriniňem bu ýurdy uzak dolandyrmagynyň mümkindigini aýtdy.

“Munuň özi häkimiýetiň iň ýokarsynda boljak uly özgerişlikdir. Prezident Hu Žintao we premýer Wen Jiabao Hytaýyň ýokary liderlik wezipesinde 10 ýyl oturanlaryndan soň, wezipelerini terk edýärler. Olaryň ornuna geljek täze liderler hem indi 10 ýyllap otursalar gerek. Olaryň töwereklerinde Hytaýyň dolandyryş eşalonynda hökman düýpli özgerişlikler bolar” diýip, analitik Rod Wýe öz garaýşyny mälim etdi.

Köp synçylar Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň bu gurultaýynda birneme soňky nesle degişli wise-prezident Ksi Ýinpingiň we wise-premýer Li Kekiangyň Kommunistik partiýanyň iň ýokary liderlik wezipelerine bellenmekleriniň mümkindigini aýdýarlar.

Käbir garaşylýan zatlar

Analitikler häzirki wise-prezident Ksi Ýinpingiň ilki Kompartiýanyň baş sekretarlygyna saýlanyp, geljek ýylyň martynda-da Hytaýyň prezidentligine saýlanjakdygyny öňe sürýärler. Olaryň pikiriçe, wise-premýer Li Kekiang premýer-ministriň wezipesine saýlanar.

“Chatham House” atly syýasy barlaglar merkeziniň Hytaý boýunça analitigi Rod Wýe Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň dürli wezipelerindäki ýüzlerçe beýleki ýolbaşçylaryň-da ýerlerine täze adamlaryň geljekdigini çaklaýar.

Hytaýyň “Ksinhua” döwlet habar agentligi bu gurultaýdan hem öň eýýäm ýurduň Merkezi Harby Komissiýasynyň başlygynyň orunbasarlary wezipesine general Fan Çanglong bilen general Ksu Kilangyň bellenendiklerini habar berdi.

Synçylaryň pikiriçe, Hytaýyň täze liderleri indi Kommunistik partiýanyň hataryndaky korrupsiýa bilen baglanyşykly ilat arasynda kem-kem artýan şikaýatlar we nägilelikler bilen baglanyşykly düýpli çäreleri görmeli bolarlar.

Şu hepde habar çeşmeleri Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabaonyň öz haýyşy esasynda onuň özüne bildirilýän käbir aýyplamalar boýunça derňew işleriniň ýola goýlandygyny habar berdiler.

Ýakynda “The New York Times” gazeti premýer-ministr Wen Jiabaonyň maşgalasynyň gizlin ýollar arkaly 2.7 milliard dollarlyk baýlyk toplandygy barada maglumat çap edipdi.
XS
SM
MD
LG