Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Karaçidäki uly partlamada azyndan iki esger öldi


Penşenbe güni Pakistanyň Karaçi şäheriniň eteginde janyndan geçen bir hüjümçiniň uly bir ýük maşyna ýerleşdirilen bombany partlatmagy netijesinde azyndan 2 esger ölüp, 19 esger ýaralandy.

Bu partlama howpsuzlyk güýçleriniň esgerleriniň ýaşaýan komplekstiniň öňünde amala aşyryldy.

Howpsuzlyk toparynyň metbugat sekretary bu wakada üsti partlaýyjy maddaly maşynyň harbylaryň ýaşaýan ýaşaýyş kompleksiniň howlusyna girmäge synanyşandygyny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, bu wakada janyndan geçen hüjümçä maşyny howlynyň içine girizmek başartmandyr. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.
XS
SM
MD
LG