Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýanyň parlamenti täze tygşytlaýyş düzgünlerini oňlady


Penşenbe güni Gresiýanyň parlamenti ýurduň ykdysadyýetini uly çökgünlikden halas etmek maksady bilen, býujet çykdajylaryny uly derejede çäklendirýän täze düzgünleri oňlap ses berdi.

Bu baradaky kanunyň taslamasy ony goldaýjylaryň az-owlak artykmaçlygy bilen kabul edildi. Býujeti tygşytlaýjy bu kanuny kabul etmek arkaly, Gresiýanyň parlamenti halkara banklaryndan kredit ýardamlaryny almaklyga umyt baglaýar.

Häzirki kabul edilen kanun bu ýurtda 13.5 milliard ýewro serişdäni tygşytlamagy göz öňünde tutýar.

Bu barada geçirilen ses berişligiň öňýany häkimiýetleriň maliýe syýasatyndan nägile raýatlaryň onmüňlerçesi parlamentiň binasynyň öňünde demonstrasiýa geçirdi. Polisiýa olary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary we güýçli suw çüwdürimlerini ulandy.
XS
SM
MD
LG