Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň gurultaýy öz işine başlady


Penşenbe güni Pekinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň gurultaýy öz işine başlady. Hytaýyň prezidenti Hu Žintao bu gurultaýyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda partiýanyň agzalaryny korrupsiýa garşy berk göreşe çagyrdy.

Kompartiýanyň gurultaýy Hytaýda her bäş ýyldan bir gezek geçirilýär. Bir hepde dowam etjek bu gezekki gurultaýda täze nesle degişli liderleriň bir toparynyň möhüm wezipelere bellenilmegine garaşylýar.

Analitikler häzirki wise-prezident Ksi Ýinpingiň Kompartiýanyň baş sekretarlygyna saýlanjakdygyny, geljek ýylyň martynda bolsa onuň Hytaýyň prezidentligine saýlanar diýlip garaşylýandygyny aýdýarlar.

Olaryň pikiriçe, wise-premýer Li Kekiang premýer-ministriň wezipesine saýlanar. Gurultaýyň geçýän döwri Hytaýda Kommunistik partiýanyň düzüminde korrupsiýanyň ösýändigi bilen bagly nägilelikleriň artýan döwrüne gabat geldi.
XS
SM
MD
LG