Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda UNICEF çagalaryň meselesi barada seminar gurnaýar


Çarşenbe güni Aşgabatda BMG-niň Çagalar fondunyň we Türkmenistanyň parlamentiniň gurnamagynda çagalar baradaky aladalara bagyşlanyp, Aşgabatda iki günlük seminar açyldy.

“Çagalary maliýeleşdirmek” ady bilen açylan bu seminara Türkmenistanyň sosial-maliýe pudaklary boýunça iş alyp barýan ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri bilen birlikde, BMG-niň UNICEF fondunyň regional bölüminiň wekilleri-de gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň resmi maglumatynda şu üstümizdäki ýylda tutuş döwlet býujetiniň 76.6%-niň sosial pudaga gönükdirilendigi aýdylýar. Emma käbir bilermenler bu agzalýan serişdeleriň aglaba böleginiň esasan gurluşyk pudagyna sarp edilýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG