Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň prezidenti partiýanyň gurultaýyny açdy


Hytaýyň prezidenti Hu Jintao Kommunistik partiýasynyň gurultaýyny açyp, onuň agzalaryny parahorlyga garşy has berk göreşmäge çagyrdy.

Bir hepde dowam etjek gurultaýyň dowamynda, ýurduň ýokary derejeli resmileriniň täze nesliniň hem saýlanmagyna garaşylýar.

Prezident Hu gurultaýa ýygnan 2 müň 200 wekiliň öňünde çykyş edip, ýurduň we partiýanyň geljeginiň howp astynda durandygyny aýtdy.

Hu: “Partiýa parahorlyga garşy durup, açyk we sap hökümeti gurmagy maksat edinýär. Bu möhüm syýasy meselä her kim uly üns bermelidir. Eger-de biz parahorlyga döz gelip bilmesek, onda bu biziň partiýamyz üçin pajygaly netijeleri döredip biler, şeýle-de bu biziň döwletimiziň ýykylmagyna getirip biler” diýdi.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň dolandyryjy düzümi her on ýylda üýtgedilýär. Häzirki häkimiýet çalşygynda premýer-ministr Ksi Jinpingiň, ilki bilen, partiýa ýolbaşçysy hökmünde Hunuň ornuny tutmagyna, 2013-nji ýylyň martynda bolsa prezident bellenilmegine garaşylýar.

Hu gurultaýda eden çykyşynda partiýanyň has demokratiki bolmagyna zerurlygyň bardygyny hem aýtdy: “Hytaýyň syýasy düzümini reformirlemek, bu tutuş ýurtda alnyp barylýan reformalaryň çäginde juda zerurdyr. Biz syýasy reformalary amala aşyrmak, demokratiýany has ýaýbaňlatmak ugrunda tagalla etmelidiris”.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň gurultaýy her bäş ýyldan geçirilýär. Bu aralykda dolandyryjy elitanyň arasynda bar diýilýän parahorlyk sebäpli närazylyklar barha artýar.

“The New York Times” neşiri premýer-ministr Wen Jiabonyň maşgala agzalarynyň, gizlin 2.7 milliard dollar möçberinde serişdeleriniň bardygy barada maglumat çap edipdi. Mundan soň, Kommunistik partiýansynyň bu iş boýunça degişli derňewi başladandygy hem habar berilýär. Aýdylmagyna görä, derňewiň geçirilmegini Weniň özi sorapdyr.

Hytaýyň prezidenti gurultaýyň dowamynda, partiýanyň hiç bir agzasynyň, öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmaly däldigini hem, berk bir görnüşde, nygtap geçdi: “Hiç bir toparyň ýa-da adamyň konstitusiýany ýa-da kanunlary bozmak üçin ygtyýarlyklary bolup bilmez. Hiç haçan biriniň sözi kanunyň ornuny tutmaly däldir. Hiç kimiň şahsy güýji, kanundan üstün bolmaly däldir. Biriniň şahsy bähbidi üçin-de, kanun bozulyp bilinmez”.

Gurultaýyň başlamagy bilen, Pekinde howpsuzlyk çäreleriniň artydyrylandygy barada habar berilýär. Gowuşýan maglumatlara görä, adam hukuklary boýunça käbir toparlar we köp sanly dissidentler tussag edilipdir ýa-da öý tussaglygyna alnypdyr.
XS
SM
MD
LG