Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Parlamentdäki fraksiýa öz işini togtadandygyny aýdýar


Penşenbe güni Gürjüstanyň parlamentinde azlykda durýan syýasy fraksiýanyň lideri Dewid Bakradze täze hökümetiň soňky çärelerine protest bildirip, öz fraksiýasynyň parlamentdäki işini togtadandygyny mälim etdi.

Bakradzäniň aýtmagyna görä, prezident Mihail Saakaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milli Hereketiň ähli deputatlary parlamenti terk edipdirler.

Parlament fraksiýasynyň lideri Dewid Bakradze Gürjüstanyň jemgyýetçilik telewideniýesinde salgytlar bilen bagly geçirilýän soňky barlaglary “habar serişdelerine görkezilýän basyş” diýip atlandyrdy.

Mundan daşary, ol Gürjüstanyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň komanduýuşisi Giorgiý Kalandadzäniň tussag astyna alynmagyny ony wezipesinden boşatmak üçin görülýän çäre we prezident Saakaşwiliniň tarapdarlaryna görkezilýän basyş hökmünde häsiýetlendirýär.
XS
SM
MD
LG