Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝHHG Amerikadaky saýlawlar barada press-reliz ýaýratdy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Birleşen Ştatlardaky prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşykly geçirilen gözegçilikleriň netijeleri barada penşenbe güni jemleýji press-reliz ýaýratdy.

Bu press-relizde ÝHHG guramasy Amerikadaky bu saýlawlaryň “ýokary derejede bäsleşikli we plýuralistik şertlerde geçendigini hem-de professional ýagdaýda gurnalandygyny” belläpdir.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde, bu gurama käbir meseleleriň gowulandyrylmagynyň zerurdygyny-da nygtapdyr.

ÝHHG-niň synçylar toparynyň başlygy Daan Ewerts “Ses bermek hukuklary, ses berijileriň sanawynyň aýyl-saýyllygy, saýlaw kampaniýasynyň maliýeleşdirilişiniň aýdyňlygy, berlen sesleriň gaýtadan sanalmagy, şeýle hem halkara synçylarynyň syn etmek mümkinçilikleri ýaly birgiden meseleler boýunça hakyky alada dörediji ýagdaýlar bar” diýip belleýär.

Mundan daşary, ÝHHG-niň press-relizinde ABŞ-nyň käbir ştatlarynda halkara synçylarynyň gözegçiliklerine ýol berilmeýändigi-de aýdylyp, munuň ÝHHG -niň agzasy hökmünde Birleşen Ştatlaryň boýun alan borçnamalaryna garşy gelýändigi nygtalypdyr.
XS
SM
MD
LG