Sepleriň elýeterliligi

Obama we orslar: täze tapgyra geçiş


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Los Kabosda, 2012-nji ýylyň 18-nji iýuny.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Los Kabosda, 2012-nji ýylyň 18-nji iýuny.

Prezidentlik ugrunda alnyp barlan saýlaw kampanýalary soňlandy we Barak Obama ikinji möhlete baş wezipä saýlandy. Indi Birleşen Ştatlar we Orsýet özara konstruktiw gatnaşyklary täzeden ýola goýmaly.

Ikinji möhlete saýlanmak diýmek, birinjiniň gaýtalanmagy diýmek däldir.

Köpleriň pikiriçe, Kreml Barak Obamanyň Birleşen Ştatlaryň prezidenti wezipesine saýlanmagyny umyt edýärdi. Onuň garşydaşy, ozalky Masaçusets ştatynyň gubernatory Mitt Romni kampaniýa döwründe Orsýeti “iň esasy geopolitiki duşman” diýip yglan edipdi. Analitikleriň pikirine görä, Putin Obama Birleşen Ştatlaryň syýasatçylarynyň arasynda, näme etjegi belli däl-de, eýse etjek işini öňünden çaklap bolýan adam hökmünde garaýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Center for European reform” atly guramanyň direktory Çarles Grant bu barada şeýle diýýär: “Men ýaňyja Moskwada bolup, birnäçe adamlar bilen gürrüňdeş boldum. Olaryň käbiri hökümet, käbiri bolsa daşary syýasat bilen iş salyşýan adamlardy. Moskwa Obamanyň ýeňiş gazanmagyny umyt edýär. Olar Obama, nähilem bolsa, tanyş duşman gözi bilen seredýärler. Olar Obamany kän bir halap baranoklar. Mysal üçin, onuň raketa hüjüminden goranmak babatdaky planlary we şuňa meňzeş işleri bilen ylalaşmaýarlar. Ýöne olar Obamanyň haýsy tarapdadygyny oňat bilýärler. Ors Dumasynyň bir agzasynyň maňa aýdyşy ýaly: Obama biziň köp ugurly dünýäde ýaşaýanymyza gowy düşünýär”.

Kreml öz islegini äşgär edenem bolsa, bu ýagdaý iki döwletiň arasynda 2009-2010-njy ýyllardaky “täzeden başlaýyş” görnüşdäki mähirli gatnaşyklaryň boljakdygynyň alamaty däldir. Grant: “Obama bilen prezident Dmitriý Medwedewiň ýola goýan “täzeden başlaýşy” sözüň doly manysynda soňlandy. Putin üçünji möhlete prezidentlige saýlandy we Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky ysnyşyklar sumat boldy diýsegem bolar. Ynha, şonuň üçinem, meniň pikirimçe, Obama ýeňiş gazanan hem bolsa, iki döwletiň arasynda öňküdenem beter sowuklyk bolar” diýdi.

Edilmeli aňsat işler bireýýäm edildi. Mundan beýläk hyzmatdaşlyk ozalkysyndan artyk kanagatlandyrjy bolmaz.
Gysga möhletli “täzeden başlaýyşda” Waşington bilen Moskwa öz arasynda şertnama gol goýup, Eýrana garşy dört ugurly sanksiýalar girizmekde, umuman, Jorj W.Buşuň döwründe dartgynlaşan ikitaraplaýyn düşünişmezlikleri azaltmak babatda ylalaşypdylar. Indi welin, has hem ýowuz meseleler gün tertibinde: NATO-nyň harby goşunlarynyň 2014-nji ýylda Owganystandan yza çekilmeginden soňky boljak ýagdaý, Eýran, Birleşen Ştatlaryň raketa hüjüminden goranyş planlary we Siriýa.

Waşingtondaky Petersen Halkara ykdysadyýet institutynyň baýry akademigi Anders Aslund şeýle diýýär: “Edilmeli aňsat işler bireýýäm edildi. Mundan beýläk hyzmatdaşlyk ozalkysyndan artyk kanagatlandyrjy bolmaz. Orsýet (Amerikanyň) raketa hüjüminden goranyş planyna şübheli garaýar. Has dogrusy, Putin muňa şübheli garaýar. Ynha, bu ýagdaý welin, has çetin bolar.”

"Kyn döwür"

Orsýet bilen gatnaşyklar Obamanyň administrasiýasynyň gün tertibindäki baş mesele bolmasa-da, Waşingtondaky Halkara stratigiki barlaglar merkeziniň Orsýet we Ýewraziýa programmasy boýunça bölüminiň direktory Endrýu Kuçins iki döwletiň arasyndaky ozalky syýasatyň täzeden işlenilip düzüljekdigini we iki taraply gatnaşyklary berkitmek üçin täze ugurlaryň boljakdygyny çaklaýar.

Orsýet-amerikan gatnaşyklary kyn döwürleri başdan geçirdi we häzirlikçe, gelejekde-de bu ýagdaý kyn bolmagynda galar.
“Orsýet-amerikan gatnaşyklary kyn döwürleri başdan geçirdi we häzirlikçe, gelejekde-de bu ýagdaý kyn bolmagynda galar. Meniň pikirimçe, soňky bir iki ýylda bolan özgerişleri we üýtgeşiklikleri nazara alyp, Obamanyň administrasiýasy Orsýet barada alyp barýan syýasatyny täzeden gözden geçirer. Nämeleriň boljagyny görmeli bolarys!” diýip Kuçins aýtdy.

Kuçinsiň pikirine görä, raketa hüjüminden goranyş babatdaky ters garaýyşlar, “arap baharyna”, aýratynam Siriýa meselesinde Orsýetiň reaksiýasy, 2011-2012-nji ýyllarda Orsýetde geçen we Günbataryň “demokratik däl” diýip baha beren prezident saýlawlary, Birleşen Ştatlaryň Orsýet babatdaky syýasatyny täzeden gözden geçirmegine ýol açjak özgerişlerdir.

“Täzeden başlaýşyň” özenini düzýän Owganystanda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam eder. Emma hatda bu ugurda-da, 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Owgnystandan NATO goşunlarynyň yza çekilmegi bilen, düşünişmezlikler ýüze çykyp biler.

“Owganystan baradaky tagallalarymyzyň köp bölegini orslar goldar. Ýöne olar hem, dünýäniň dürli künjegindäki we Amerikadaky bir topar adamlaryň soraýşy ýaly, käbir meseleleri, ýagny: Birleşen Ştatlaryň 2014-den soň owgan strategiýasy nähili bolar, Birleşen Ştatlaryň harby we howpsuzlyk güýçleri regionda (Owganystanyň içinde we daşynda) nähili ýaýbaňlanar diýen meseleleri soraga tutýarlar. Elbetde, bu ýagdaý hem Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasynda örän howply ylalaşmazlyk ähtimallygyna ýol açyp biler” diýip, Kuçins nygtady.

Moskwa Eýranyň dawaly ýadro programmasyna garşy indiki girizilmeli ykdysady sanksiýalara-da garşy çykdy. Bu ýagdaý hem öňümizdäki aýlarda Waşington bilen Moskwanyň arasyna çöp atyp biler.

Ýiti gepleşikler

Ors telewizion kanallary mydama diýen ýaly Birleşen Ştatlary ters tarapdan görkezýär.
Analitik Grantyň bellemegine görä, ors-amerikan gatnaşyklarynda Ak tam edil Kreml ýaly has kesgitleýji rol oýnaýar. Putin soňky aýlarda özüni bu gatnaşyklar babatda örän syrly hem düşnüksiz alyp barýar diýip, londonly ekspert Çarles Grant sözüni şeýle dowam etdirdi: “Putiniň Amerika garşy örän düşnüksiz pozisiýasy bar. Bir tarapdan, haçan-da Meksikada geçen G20 ýygnagynda ol Obama bilen duşuşanda, maňa onuň örän konstruktiw çemeleşýändigi we Obama bilen işleşmek isleýändigi aýdyldy. Men soňky döwürler ors ýolbaşçylary bilen duşuşanymda, olar Amerika barada agressiwligiň deregine özlerini örän parahat hem çynlakaý alyp barýardylar. Beýleki tarapdan bolsa, ors mediasy we köpçülikleýin habar serişdeleri örän güýçli anti- Amerikan gürrüňleri edýär. Ors telewizion kanallary mydama diýen ýaly Birleşen Ştatlary ters tarapdan görkezýär.”

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Halkara barlaglar merkeziniň wekili Kuçins bu pikir bilen ylalaşýar: “Obama bu mesele babatda örän pragmatik çemeleşýär. Ol özüniň bile işleşip üstünlik gazanyp biljek hem ylalaşyp biljek halkara partnýorlary bilen işleşer. Ol muny birnäçe ýyl mundan ozal Dmitriý Medwedew bilen amala aşyrypdy. Wladimir Putin bilen işleşmek has çetin bolar” diýip, Kuçins belledi.
XS
SM
MD
LG