Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary Azerbaýjany tankytlaýar


20-nji oktýabrda Bakuwyň merkezinde rugsatsyz geçirilen ýörişde polisiýanyň protestçileriň töweregini gabap, olary zor bilen maşynlara we awtobuslara mündürip, äkidendigi hem bellenýär.
20-nji oktýabrda Bakuwyň merkezinde rugsatsyz geçirilen ýörişde polisiýanyň protestçileriň töweregini gabap, olary zor bilen maşynlara we awtobuslara mündürip, äkidendigi hem bellenýär.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmileri, Azerbaýjanda söz azatlygynyň kemsidilýändigi baradaky hasabata esaslanyp, tankydy belliklerini aýtmak üçin Baku şäherine geldiler.

Gürrüňi edilýän ýazgaryş, Bakuda Birleşen Milletler Guramasynyň hemaýat etmeginde jemgyýetçilik ýerlerinde internet ulanmagyň düzgünlerini maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän “Internet Gözegçilik Forumy” ýygnagynyň gurnalýan hepdesinde, ýagny şu hepde ýaýradyldy.

Çarşenbe güni Bakuda ÝHHG-niň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç Azerbaýjan häkimiýetleriniň žurnalistlere, adam hukuklaryny goramagyň tarapdarlaryna we protestçilere edýän basyşyny we çäkendirmelerini, nebite baý bolan bu kawkaz döwleti üçin “masgaraçylykly meýil” diýip atlandyrdy.

Miýatowiç özüniň prezident Ylham Aliýew we Azerbaýjanyň beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşandygyny aýtdy. ÝHHG-niň wekili häkimiýetleri, ýurtda alnyp barylýan graždan işlerine hökümetiň ýöňkeýän töhmetlerini yzyna alyp, ol işleri kanunylaşdyrmagy hem öz içine alýan käbir reformalary geçirmäge çagyrdy.

ÝHHG-niň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç prezident Ylham Aliýew bilen hem duşuşdy.
ÝHHG-niň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç prezident Ylham Aliýew bilen hem duşuşdy.
“Men Azerbaýjanyň iň ýokary hökümet ýolbaşçylary bilen bir hatarda prezident Ylham Aliýew bilen öz jogapkärçilikli ugurlarym bilen bagly ýurduň içinde bar bolan problemalary ara alyp maslahatlaşmak üçin, şeýle hem Azerbaýjanda söz azatlygy bilen baglanyşykly problemalaryň özenini düzýän kanunlary aýtmak we kanunlara üýtgeşiklikleri girizmeklerini soramak üçin duşuşdym. Eger-de halkara guramalaryň kömegi bilen ol ýerde kanunlara düzediş girizilse, eger-de ýöňkelýän töhmetler jenaýat däl hasaplanylyp, başga-da birnäçe reformalar girizilse, meniň pikirimçe Azerbaýjandaky masgaraçylykly meýliň soňuna çykylar” diýip, Miýatowiç aýtdy.

Ol Azerbaýjanda söz azatlygy bilen bagly kemsidilmeleriň adatylaşandygyny aýdyp Azerbaýjan häkimiýetleri bilen gepleşikde bu meseleleri gozgandygyny belledi: “Azerbaýjandaky söz azatlygy bilen baglanyşykly ýagdaýlary, aýratynam žurnalistleriň, blogçularyň we media aktiwistleriniň howpsuzlygy baradaky ýagdaýlary täzeden gaýtalap oturmagyň hajaty ýokmyka diýýärin. Biz Azerbaýjan resmileri bilen geçiren duşuşygymyzda gürrüňi edilýän ähli meseleleri gozgadyk we gozgamagy-da dowam ederis”.

“Human Rights Watch” topary Azerbaýjan häkimiýetlerini “Internet Gözegçilik Forumynyň” geçirilmegini azyndan sekiz sany žurnalisti we üç sany adam hukuklaryny goraýjyny türmeden boşatmak arkaly belläp, häsiýetlendirmäge çagyrdy.

Düýbi Amerikada ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy öz hasabatynda Azerbaýjanda söz azatlygynyň “gözgyny ýagdaýda çäklendirilendigini” belledi.

Hasabatda ýagdaý şeýle düşündirildi: “Azerbaýjanda žurnalistlere, adam hukuklaryny goraýjylara we syýasy oppozision aktiwistlere, köplenç halatda olaryň hakykatçyl žurnalizminden ýa-da syýasy hereketlerinden ar almak üçin, ýasama we gurnalan jenaýatlar ýöňkelip, olar türme tussaglygyna höküm edilýärler”.

Şeýle hem häkimiýetleriň “žurnalistleriň kemsidilmegine, jemgyýetden gyrakladylmagyna we olara hüjüm edilmegine jogapkär adamlary jogapkärçilige çekip bilmändigi” aýdyldy.

Oktýabr aýynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Hatyja Ysmaýylowa özüniň Azerbaýjan hökümetiniň korrupsiýa gatnaşygy we kanuny bozmalary barada yzygiderli berýän habarlary üçin Aýallaryň Halkara media jemgyýeti tarapyndan “Žurnalizmde Mertlik” sylagy bilen sylaglandy. Muňa garamazdan, onuň garşysyna ýerliksiz töhmetler ýöňkelip, kemsidildi we ol garalama kampaniýalarynyň pidasy boldy.

HRW-nyň hasabatyna görä, 2006-njy ýyldan bäri Azerbaýjanyň häkimiýetleri Bakuwyň merkezinde ýekeje gezek-de oppozision protestiň geçirilmegine rugsat bermändir. Muňa derek olar demonstrasiýalaryny paýtagtyň etegindäki belli meýdanlarda geçirmäge mejbur edilipdirler.

Onda Bakuwyň merkezindäki assambleýada aşa gadagançylyk edilmegi Azerbaýjanyň assambleýa azatlygy we söz azatlygy babatda halkara borçlaryna ters gelýänligini aýdylýar.

Hasabatda ýaňy-ýakynda, has takygy 20-nji oktýabrda, Bakuwyň merkezinde rugsatsyz geçirilen ýörişde polisiýanyň protestçileriň töweregini gabap, olary zor bilen maşynlara we awtobuslara mündürip äkidilendigi we olaryň azyndan 13 sanysyň 10 güne çenli tussaglykda saklanmaly edilendigi hem aýdylýar.

Azerbaýjanyň parlamenti 2-nji noýabrda köpçülikleýin ýygnanyşmak bilen baglanyşykly kanunlara üýtgeşiklikler girizdi. Bikanun demonstrasiýalary gurnamagyň ýa-da olara gatnaşmagyň jezasy 10 müň amerikan dollary möçberinde kesgitlendi.
XS
SM
MD
LG