Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tuhbatullin: “Türkmenistan” belgili orunlar boş dur


"Konferensiýanyň birinji gününde Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasynyň wekilleri maslahata gatnaşmadylar." F. Tuhbatullin.
"Konferensiýanyň birinji gününde Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasynyň wekilleri maslahata gatnaşmadylar." F. Tuhbatullin.
Penşenbe güni Wenada ÝHHG-nyň Goşmaça ynsan ölçegleri duşuşygynyň ýygnanyşmak we bileleşmek azatlygyna bagyşlanan iki günlük konferensiýasy açyldy.

Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlugy, Niderland Helsinki komiteti, Adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy boýunça Gazagystan halkara býurosy, Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” topary we Özbegistanyň garaşsyz adam hukuklaryny goraýjylar topary bu konferensiýa gabat bilelikde bir beýanat çap etdi.

Ol beýanatda Merkezi Aziýa ýurtlarynda internet ulanyjylaryň sanynyň artmagy bilen bilelikde häkimiýetlerde döreýän ynjalyksyzlyk, adamlaryň özlerini gyzyklandyrýan meseleler barada maslahatlaşyp, bileleşip bilmeginden gorkmak tendensiýasy barada alada bildirilýär.

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban ÝHHG-nyň Wenadaky konferensiýasyna gatnaşýan hukuk goraýjy Farid Tuhbutullin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, ÝHHG-nyň edil şu günki günde ýygnanyşmak we bileleşmek azatlygy barada maslahat geçirmegine näme sebäp boldy?

Farid Tuhbatullin: ÝHHG-nyň ýurtlarynyň köpüsinde jemgyýetçilik bileleşikleriniň işleri, ýygnak geçirmek azatlygy bilen bagly bir topar problema bar. Bu ýerde gürrüň diňe Türkmenistan, Özbegistan ýaly hakykatdanam örän kän problemaly ýurtlar barada hem däl. Mysal üçin, soňky wagtlar şeýle problemalar şu wagta çenli nähilem bolsa bir demokratik ýurt hasaplanan Orsýetde hem ýüze çykýar. Onsoň biz şu ýagdaýlar bilen baglylykda, döreýän kynçylyklary ýeňip geçmek we problemalaryň çözgüdini tapmak maksadyndan ugur alyp, ÝHHG-nyň nobatdaky maslahatynda hut şu temanyň ara alnyp maslahatlaşylmagyny teklip etdik.

Azatlyk Radiosy: ÝHHG-nyň konferensiýasynda siz Türkmenistandaky ýagdaý barada anyk nämälere ünsi çekýärsiňiz?

Farid Tuhbatullin: Biz kärdeşlerimiz bilen, internet azatlygy, informasiýa almak we informasiýa ýaýratmak azatlygy nukdaý nazaryndan, bileleşmek azatlygy barada bilelikde bir beýanat taýýarladyk. Sebäbi, biziň pikirimizçe, jemgyýetçilik birleşikleri maglumat azatlygy bilen gyzyklanýan guramalar bolup durýar we Türkmenistanda bu tema örän we örän çylşyrymly. Birinjiden, Türkmenistandaky internetiň hili örän ýaramaz, ikinjiden, ol döwlet tarapyndan doly kontrollukda saklanýar, resmi derejede senzura bar, bu bolsa biziň ýurt içinde işleýän kärdeşlermiz üçin uly problema bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Siz bu işiňizde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilenem hyzmatdaşlyk edýärsiňizmi? Ýagny olar size ýurt içinden nähilidir bir ýardam berip bilýärmi?

Farid Tuhbatullin: Gynansak-da, ÝHHG-nyň Aşgabatda işleýän merkezinde soňky ýyllar birnäçe ilçi çalşyldy. Ýöne olar garaşsyz jemgyýetçilik birleşikleri ýa-da raýat aktiwistleri bilen hyzmatdaşlyk edenlerinden häkimiýetler bilen işleşmegä has höwesek görünýärler. Şu gün, konferensiýanyň ikinji gününde hut şu barada hem gürrüň ediler. Ýagny biz öz çykyşymyzda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň, nähilem bolsa, Türkmenistandaky raýat aktiwistleriniň we garaşsyz jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklaryny has tutanýerli goramalydygy barada gürrüň ederis.

Azatlyk Radiosy: Bu konferensiýa Türkmenistanyň resmi wekilleri hem gatnaşýarmy?

Farid Tuhbatullin: Gynansak-da, konferensiýanyň birinji gününde Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasynyň wekilleri maslahata gatnaşmadylar. Men munuň sebäbini bilemok. Adatça, olar bu maslahata gatnaşýar, ýöne häzir “Türkmenistan” belgili orunlar boş dur. Belki-de, häkimiýetlerde bu tema gyzyklanma ýokdur.
XS
SM
MD
LG