Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: 6 ýaşly gyzy äre bermek islän geňeşiň agzalary tussag edildi


Anna güni Pakistanyň polisiýasy Swat jülgesinde alty ýaşly gyzyň bir uly adama äre çykmalydygy barada höküm çykaran ýerli taýpa geňeşiniň üç sany agzasyny tussag etdi.

Azatlyk Radiosynyň Maşaal gullugynyň maglumatyna görä, Saýdu Şarif şäherçesiniň resmi sudy ýerli taýpa geňeşiniň çykaran bu kararyny bikanun karar diýip yglan edipdir. Şu hepde bu waka bilen baglanyşykly bu alty ýaşly gyza öýlenmekçi bolan erkek kişi we onuň kakasy-da tussag edildi.

Ýakynda Swat jülgesindäki Aşari obasynyň taýpa geňeşi maşgala dawasynyň jerimesi hökmünde ýerli maşgalanyň alty ýaşly gyzyny başga bir maşgalanyň uly ýaşly erkek kişisine äre bermeklik barada karar çykarypdy.

Bu wakadan soň bu çaganyň ene-atasy hökümet suduna şikaýat bilen ýüz tutupdy.
XS
SM
MD
LG