Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Gadymy Merwiň iki galasyny dikeltmek üçin serişde berýär


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň grantlar baradaky programmasy Gadymy Merwdäki taryhy ýadygärlikleri goramak maksady üçin 595 müň dollar serişde goýbermegi karar etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi “Altyn asyr” saýty habar berýär.

Resmi maglumata görä, bu serişdeler Gadymy Merwdäki “Uly gyz gala” we “Kiçi gyz gala” diýlip atlandyrylýan taryhy binalaryň täzeden dikeldilmegi hem-de goralmagy üçin gönükdiriler.

Hut şu maksat bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bu grantynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky Milli uprawleniýesine beriljekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG