Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda klimatyň özgermegi boýunça merkez açmak planlaşdyrylýar


Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda Merkezi Aziýa boýunça klimatyň özgermegini öwreniji tehnologiýalar merkezini açmak meselesi boýunça Konsultatiw geňeşiň “Tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Bu maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň käbir wekilleri bilen birlikde BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik koordinatory Çao Lin we bu regional merkezi döretmek bilen bagly iş alyp barýan halkara konsultanty Diego de Welasko dagylar-da gatnaşdylar.

“Tegelek stol” maslahatyna gatnaşjylaryň Aşgabatda region boýunça klimatyň özgermek meselesi barada iş alyp barjak şeýle merkeziň döredilmeginiň dünýäniň beýleki regionlary üçinem ähmiýetiniň uly boljakdygyny belländikleri habar berilýär.
XS
SM
MD
LG