Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana gelim-gidim köpelýärmi?


Aşgabadyň Sergi köşgünde açylan “Bilim, sport we syýahatçylyk berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisinde, 5-nji noýabr.
Aşgabadyň Sergi köşgünde açylan “Bilim, sport we syýahatçylyk berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisinde, 5-nji noýabr.
5-nji noýabrda türkmen paýtagty Aşgabadyň Sergi köşgünde açylan “Bilim, sport we syýahatçylyk berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisi 7-nji noýabrda öz işini tamamlady.

Sergä syn etmäge baran adamlaryň aglabasy ýurduň ýokary we orta okuw jaýlarynyň studentleridir okuwçylarydy. Üç gün dowam eden halkara sergisinde olara degişli ekspozisiýalar agdyklyk edýärdi.

Emma serginiň syýahatçylyga degişli böleginde hem sergä tomaşa etmäge gelenleri özüne çekip biläýjek ekspozisiýalar bardy. Olaryň aglaba bölegi Türkmenistanyň turistik kompaniýalarydyr firmalarynyň stendlerinden ybaratdy.

Käbir spesialistleriň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda häzir 20-ä golaý hususy we 8 sany döwlete degişli syýahatçylyk kompaniýalary bar.



Turistik kompaniýalaryň stendleriniň bezelşinden çen tutsaň, onda syýahatçylyk industriýasy ýurtda iň bir ösen pudaklaryň biri bolmaly. Emma kompaniýalaryň işgärleri munuň o diýen beýle däldigini aýdýarlar.

Sergä gatnaşýan turistik kompaniýasynyň işgäriniň aýtmagyna görä, Türkmenistana daşary ýurtlular az gelýär. Munuň sebäbini ol mahabat işleriniň kemligi bilen düşündirýär.

“Hatda häzir Türkmenistanyň esasy turistik brendi hökmünde garalýan Awazanyň hem reklamasy gowy ýola goýulmadyk. Ýogsam, “Ýewronýuz” ýaly informasion telekanalynda biziň goňşy ýurtlarymyzyň turistik mahabatlaryny görse bolýar” diýip, turistik kompaniýanyň işgäri aýdýar.

Bu ýagdaýa ýurduň ýapyklygynyň hem sebäp bolýandygyny syýahatçylyk kompaniýasynyň adynyň efirde tutulmagyny islemedik işgäri aýdýar. Ol daşary ýurtly turistleriň ýurda erkin syýahat etmek mümkinçilikleriniň ýokdugyny aýratyn belläp geçdi.

“Daşary ýurtly turistler elmydama ýörite gulluklaryň gözegçiliginde bolýarlar. Olar syýahatçylyk marşrutyndan çykmaly däl. Olara gözegçilik etmeklik syýahatçylyk kompaniýalarynyň işgärleriniň hem gerdenine düşýär. Bir zat bolsa jogap bermeli” diýip, ol aýdýar.

Ýurda daşary ýurtly turistleriň az gelýändigini belli bir derejede resmi statistiki maglumatlary hem tassyklaýar. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýyllyk statistika neşirinde geçen ýyl ýurda 8697 daşary ýurtly turistiň gelendigi barada habar berilýär. Olaryň aglabasy, ýagny 3874-si goňşy Eýrandan.

Ýurda daşary ýurt turistleriniň az gelmeginiň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda ýiti bäsleşigi döredýändigini syýahatçylyk pudagynda işleýän 28 ýaşly Agageldi aýdýar.

“Her bir daşary ýurtly üçin göreşmeli bolýar. Şonuň üçin, turistik kompaniýalar olar üçin elinden gelen amatlyklary döredýärler” diýip, Agageldi gürrüň berýär.

Daşary ýurda gidýänler

Şol bir wagtda hem daşary ýurtlara turist hökmünde gidýän türkmenistanlylaryň azdygy aýdylýar. Ýöne, muňa garamazdan, syýahatçylyk kompaniýalaryna ýüz tutýan türkmenistanlylar az däl.

Agageldiniň aýtmagyna görä, türkmenistanlylar syýahatçylyk kompaniýalaryna esasan daşary ýurtlara wiza düzetmek üçin ýüz tutýarlar. Şonuň üçin ol syýahatçylyk kompaniýalarynyň girdejileriniň agramly böleginiň wiza bilen bagly hyzmatlardan gelýändigini aýdýar.

“Bize daşary ýurt ilçihanalardan wiza almak ýeňil düşýär. Turistik kompaniýalara her dürli ýeňillikler bar. Bu görnüşli hyzmatlarymyz üçin her bir ýüz tutýan adamdan o diýen köp pul alamzok. Ýöne haçanda adam sany köp bolsa girdeji hem köp bolýar” diýip, Agageldi aýdýar.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýyllyk statistika neşirinde 2011-nji ýylda Türkmenistandan 50259 sany turistiň daşary ýurtlara gidendigi habar berilýär. Olaryň aglabasy, ýagny 22279 sanysy Birleşen Arap Emirliklerine, 11766 sanysy Orsýete, 7852 sanysy bolsa Hytaýa gidipdir.

Emma, turistik kompaniýanyň işgäri Agageldiniň aýtmagyna görä, türkmenistanlylaryň aglabasy daşary ýurtlara gezelenç üçin däl-de, iş, söwda, okuw we medisina bejergisi üçin gidýärler.

“Elbetde, daşary ýurtlara gezelenç etmäge ýa-da dynç almaga gidýänler bar. Emma olaryň sany az. Esasanam soňky döwürlerde Taýlanda turist bolup gidýänler köpelýär. Ýöne daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylaryň aglabasy Dubaýa, Hytaýa, Türkiýä söwda, işe gidýänler” diýip, ol gürrüň berdi.

Resmi metbugatda Türkmenistan “jennet mekany”, onuň paýtagty Aşgabat bolsa “Aziýanyň merjeni” diýlip wasp edilýär. Hazar deňziniň kenarynda gurulýan Awaza bolsa ýurduň turistik industriýasynyň “wizit kartoçkasy” hasaplanýar.

Emma Aşagabadyň köçelerinde, Awazanyň myhmanhanalarynda daşary ýurtlulary görmek seýrek ýagdaý. Daşary ýurtlara gezelenç etmäge gidýän türkmenistanlylar hem o diýen köp däl.
XS
SM
MD
LG