Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Putin derňew arasynda generallaryny çalşyrýar


Prezident W. Putin, goranmak ministri Sergeý Shoýgu we general polkownik W. Gerasimow Kremlde duşuşyk mahalynda. 9-njy noýabr, 2012 ý.
Prezident W. Putin, goranmak ministri Sergeý Shoýgu we general polkownik W. Gerasimow Kremlde duşuşyk mahalynda. 9-njy noýabr, 2012 ý.
Prezident Wladimir Putin Orsýetiň Goranmak ministrliginde edildi diýilýän galplygyň derňewi bilen baglylykda ýokary derejeli generallaryň birnäçesiniň ýerini çalşyrdy.

Bu çalşyrmalar anna güni, prezident goranmak ministri Anatoliý Serdýukowyň ýerine öz uzak wagtlyk ýarany Sergeý Şoýguny belläninden bir gün soň yglan edildi.

Anna güni Putin ýurduň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň naçalnigi Nikolaý Makarowy wezipesinden boşadyp, onuň ýerine Waleriý Gerasimowy belledi. Makarow baş ştaba 2008-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýärdi.

Ozal Merkezi harby okrugyň komandiri bolan Gerasimow indi goranmak ministriniň hem birinji orunbasary bolup işlär.

Ozalky goranmak ministri Serdýukow sişenbe güni, Goranmak ministrliginiň garamagyndaky “Goranyş hyzmaty” kompaniýasynda emläk satmak bilen bagly açylan jenaýat işi sebäpli işden boşadyldy. Sülçüler galplyk esasyndaky söwdalarda döwlete 95 million amerikan dollary möçberinde zyýan ýetirilendigini aýdýarlar.

Şeýle-de synçylar Serdýukowyň harbylaryň arasynda köp adamy işden çetleşdirendigini aýdýarlar. Ol ofiserleriň içinde köp sanly ştat kemeltmä getiren harby reforma gözegçilik edipdir.

Serdýukow 2007-nji ýylda goranmak ministri wezipesine bellenmezinden öň Orsýetiň Salgyt gullugyna ýolbaşçylyk edipdi.

Putin anna güni işe bellände, Gerasimowa uly baha berdi.

“Siz bir tejribeli adam we biz Ýaragly güýçleriň, goşunyň, harby-deňiz foltunyň, howa güýçleriniň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada diňe bir maslahat bilen çäklenmeris. Biziň häzirki iň möhüm wezipelerimiziň biri hem goşuny we floty gaýtadan ýaraglandyrmak” diýip, Putin aýtdy.

Rus metbugaty Gerasimowyň 1998-2003-nji ýyllarda, Orsýetiň Çeçenistandaky separatist gozagalaňçylara garşy hüjüm eden döwründe, Demirgazyk Kawkaz harby okrugynyň komandiri bolandygyny ýazýar.

Täze bellenen goranmak ministri Şoýgu anna güni Kremlde Putin bilen bolan duşuşykda Gerasimowy hakyky harby adam diýip taryplady.

Orsýetiň ýokary harby edarasynda edilen kadr çalşygy ýurduň harby çykdajylary has köpeltmegi planlaşdyrýan wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG