Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanly gyzjagaz äre berilmekden halas edildi


Pakistanly 6 ýaşly Bibi Roza
Pakistanly 6 ýaşly Bibi Roza
Maşgala dawasyny çözmek üçin durmuşa çykaryljak bolan 6 ýaşly gyzjagaz halas bolana meňzeýar.

Pakistanyň Swat jülgesinde ýerleşýän obanyň ýerli ýaşululary Bibi Rozanyň ene-atasyna ýekşenbe güni gyzyny durmuşa çykarmaklyga görkezme beripdir.

Ýöne Saidu Şarif şäheriniň sudy ýerli taýpa geňeşiniň bu kararyny bikanun diýip yglan etdi, şeýle hem bu iş boýunça geçýän 5 adamy polisiýa tussag etdi diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Maşal gullugy maglumat berdi.

Durmuş toýunyň öňüni almak üçin Bibi Rozanyň ene-atasynyň kömek sorap eden tagallasy bu gyzjagazy soňky minutda halas etdi.

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky uzak obalarynda maşgala dawasy adatça kanuny ýol bilen däl-de, däp-dessurlar arkaly çözülýär.

Şular ýaly meseleler “Jirga” diýlip atlandyrylýan taýpa geňeşiniň ýaşululary tarapyndan çözülýär. Maşgala dawasynyň jerimesi hökmünde günäkär hasaplanan tarapa ýer, pul, mal bilen töleg etdirilýär ýa-da durmuşa çykmadyk gyzyny äre bermeli edilýär.

Köneden gelýän taýpa düzgüni hatda gan duşmançylygyny hem parahat ýol bilen çözmäge mümkinçilik berýär diýlip hasaplanylýar.

Bibi Rozanyň ýagdaýynda taýpa geňeşiniň ony duşmançylykdaky maşgalanyň 16 ýaşly ogluna durmuşa çykarmak barada karary boldy.

Gan döküşligiň öňüni almak

Bibi Rozanyň 65 ýaşly kakasy Azim Han bu karary ýatyrmak barada taýpa geňeşine birnäçe gezek ýüz tutandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýöne onuň bu ýüzlenmesine gulak asylmady. Ýerli polisiýa hem taýpa geňeşiniň kararynyň kabul edilmelidigini Hana aýdypdyr.

Han: “ Jirgäniň agzalary bize şeýle diýýar: “Aşaride siz öz gyzyňyzy başga maşgala durmuşa çykarmak barada häkimiýetler bilen ylalaşdyňyz. Sizde başga çykalga ýok”. Howa men ylalaşdym. Ýöne mäňa polisiýa ofiserleri basyş etdiler. Olar gyzymyň şu ýekşenbe gününde durmuşa çykmalydygyny aýtdylar. Men muňa ýol berip bilmejekdigime söz berdim”.

Aşaridäki Şah Dauran atly polisiýa işgäri Hanyň bu aýdanlaryny ret etdi we Jirgäniň işine polisiýanyň goşulmaýandygyny nygtady. Soňra gyzyň ýaşy belli bolanda polisiýa jenaýat işini gozgady diýip, Dauran aýtdy.

Polisiýa tarapyndan tussag edilenleriň arasynda Jirgäniň üç agzasy, gyza öýlenjek bolan ýigit we onuň kakasy bar.

Maşgalanyň abraýyny goramak

Maşgala dawasy Bibi Rozanyň gelnejesi bilen baglanyşdyrylýar. Ady agzalmaýan bu gelniň başga biri bilen durmuş gurjak bolandygyna garamazdan, ol golaýda Bibi Rozanyň agasyna durmuşa çykarylýar. Bu gelniň ozalky halaşan ýigidi söýgülisiniň durmuşa çykarylandygyny eşidip, şikaýat bilen ýerli taýpa geňeçine ýüzlenýär.

Bu ýigit öz maşgalasynyň abraýyna şek ýetirilendigini we öz halan gyzynyň nikasynyň bikanundygyny geňeşe mälim edýär. Ol geňeşden öz maşgalasynyň abraýynyň dikeldilmegini we öz gelinliginiň maşgalasynyň jezalandyrylmagyny talap edýar.

2004-nji ýylda Pakistanyň parlamenti dawany çözmek üçin ulanylýan şeýle düzgüni jenaýat diýip yglan etdi we şeýle işde günäkerlere üç ýyl türme tussaglygyny girizdi.
XS
SM
MD
LG