Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek sudy MTS bilen bagly ozalky hökümini ýatyrdy


Anna güni Daşkendiň şäher sudy Orsýetiň MTS mobil kompaniýasyna degişli emläkleri konfiskasiýa etmek barada şu ýylyň sentýabrynda çykaran ozalky hökümini ýatyrýandygyny yglan etdi.

Resmi maglumata görä, sud MTS-iň Özbegistandaky şahasy bolan “Uzdunrobita” kompaniýasyna salgyt galplyklarynda we pul ýuwuşlyklarda bildirilýän aýyplamalar boýunça MTS kompaniýasynyň indi 600 million dollar jerme tölemelidigi barada karar çykarypdyr.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepde Orsýetiň kanun goraýjy organlary özbek prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowanyň Moskwadaky 10 million dollar baha durýan kwartirasynyň konfiskasiýa edilendigini mälim edipdiler.

Orsýetiň häkimiýetleri bu çäräniň MTS kompaniýasynyň Özbegistandaky emläkleriniň konfiskasiýa edilmegi bilen baglanyşykly gozgalan jenaýat-derňew işleriniň çäklerinde amala aşyrylandygyny aýdypdylar.
XS
SM
MD
LG