Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň harby ofiserlerinden 26-sy Türkiýä gaçyp geçdi


Anna güni Türkiýäniň mediasy Siriýanyň harby ofiserlerinden 26-synyň, şol sanda iki sany generalynyň hem ýurduň goşunyny terk edip, Türkiýä gaçyp geçendiklerini habar berdi.

Munuň özi soňky aýlaryň dowamynda prezident Başar al-Assada ygrarly hökümet güýçleriniň düzüminden gaçyp çykan harbylaryň iň köp topary hasaplanylýar.

“Anadoly” habar agentliginiň maglumatyna görä, onlarça beýleki bosgun bilen bilelikde serhet geçelgesine bosup gelen bu harbylar Türkiýäniň territoriýasyndaky ýörite lagerlere ýerleşdirilipdir.

Türkiýe häzirki wagt Siriýadan bosup gelen bosgunlaryň 110 müňden gowragyny bosgunlar lagerlerinde pena berip saklaýar.
XS
SM
MD
LG