Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz partiýasynyň saýlan reňkleri ors baýdagyna çalym edýär


Ömürbek Suwanalyýewiň partiýasy uzak ýyllaryň dowamynda öz baýdaklarynda we afişalarynda sadaja ak hem-de gök çyzgylary ulanyp geldi.

Ömürbek Suwanalyýewiň partiýasy uzak ýyllaryň dowamynda öz baýdaklarynda we afişalarynda sadaja ak hem-de gök çyzgylary ulanyp geldi.

Gyrgyzystanyň "Ar-Namys" syýasy partiýasy şu aý geçiriljek ýerli saýlawlaryň öňüsyrasynda şygarlary, çagyryşlary we tugralary bilen halk köpçüligini ilkinji gezek tanyşdyrdy. Ýöne olardaky ors baýdagynyňka meňzeş ak, gök hem-de gyzyl çyzgylar Bişkekde çekeleşiklere sebäp bolýar.

Gyrgyzystandaky "Ar-Namys" partiýasy uzak ýyllaryň dowamynda öz baýdaklarynda we afişalarynda sadaja ak hem-de gök çyzgylary ulanyp geldi. Şu aýyň aýagyna ýurtda geçiriljek aýratyn ähmiýetli ýerli saýlawlar üçin ady agzalýan partiýanyň baýdagyndaky täzeçil dizaýn tankytçylaryň nyşany boldy.

Partiýanyň afişalaryna ýurduň paýtagty Bişkegiň ähli künjeginde duşmak bolýar. Afişalarda partiýanyň esasy dalaşgäri Ömürbek Suwanalyýweiň suratlaryny görmek mümkin. Onuň suratynyň arkasynda bolsa ors baýdagyndaky ak, gök we gyzyl çyzgylara tüýs meňzeýän şekiller bar.

Synçylaryň aýtmaklaryna görä, partiýanyň tugunda peýda bolan bu täzeçil dizaýnyň maksady - Gyrgyzystanda bar bolan takmynan 200.000 sany etniki orslaryň seslerini almaga edilen görnetin ymtylyşdyr.

Aktiwist Ilýa Lukaşyň aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän partiýanyň we ýolbaşçysy Feliks Kulowyň Orsýet bilen şekil babatda çalymdaşlyga ymtylmaklary birinji sapar bolýan zat däl: "Ar-Namys" şular ýaly zatlar bilen uzak wagtdan bäri meşgullanyp gelýär. Mysal üçin, 2010-njy ýylda geçirilen parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda-da Feliks Kulowyň Dmitriý Medwedew bilen bile düşen suraty partiýanyň afişalarynda ulanyldy. Şular ýaly hereketler partiýanyň orsparazdygyny äşgär edýär. Şonuň üçinem ors baýdagyndaky reňkleriň ulanylmagy ýöne bir tötänlik bolmasa gerek."

"Ar-Namysyň" lideriniň we şol döwürdäki ors prezidentiniň bilelikde düşen suratlarynyň afişalarda ulanylmagy örän öjükdiriji diýlip ykrar edildi we şondan soň gyrgyz parlamenti şular ýaly materiallary saýlaw kampaniýasynyň serişdesi hökmünde ulanmaga gadagançylyk girizdi.

Ýöne girizilen gadagançylyk gümürtigräk boldy. Ol ýerde şekil taýdan özge döwletiň baýdagyna çalymdaş reňkleriň ulanylmagy ýa-da ulanylmazlygy barada takyk zatlar aýdylmandy.

1999-njy ýylda düýbi tutulan "Ar-Namys" partiýasy özüniň Moskwa bilen ýakyndan gatnaşygyny hiç haçan gizlejek bolmandy. 2010-njy ýyldaky parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda Wladimir Putiniň baştutanlygyndaky "Bütewi Orsýet" partiýasy "Ar-Namysa" özüniň degerli goldawyny beripdi.

Bişkegiň häkimi we ozalky premýer-ministr – Kulow hem Gyrgyzystandaky Moskwa bilen gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdary bolan gyrgyz syýasatçylaryndan biri. Olar Kremliň Orta Aziýadaky taryhdan gelýän täsiriniň täzeden dikeldilmeginiň tarapdarlary.

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ozalky agzasy Abdymömin Mamareýimow "Ar-Namysyň" mazamlaýyjy materiallary ulanmagyny berk ýazgardy. Ol “syýasy simpatiýa sebäpli özge ýurdy içerki syýasatda ulanmagyň dogry däldigini" belledi.

Italiýan teleserialy “La Piowradaky" polisiýa işgäri we serialyň baş gahrymanynyň adyna öýkünilip, halk arasynda “Gyrgyz Kattanisi" diýlip atlandyrylan, Gyrgyzystanyň ozalky içeri işler ministri Suwanalyýew partiýanyň afişalarynyň ors baýdagyna dahylynyň ýokdugyny we meňzeşligiň bilgeşleýin edilmändigini aýtdy: “Orsýetiň baýdagynda üç reňk bar, olar: gyzyl, gök we ak. Biziň baýdagymyzda bolsa diňe iki reňk bar. Mümkin olar afişalary asanlarynda çarçuwa ak bolup görnendir. Ynha, şeýdibem dawa başlandy."

Suwanalyýew tankytçylary halk bilen gatnaşyklarda hapa oýunlara girmekde aýyplap, "Ar-Namysyň" öz baýdagynyň reňkini ýakyn gelejekde ak we gyzyl reňklere çalyşjakdygyny sözlerine goşdy.

25-nji noýabrda geçiriljek saýlawlar tutuş Gyrgyzystanda şäher we oba geňeşiniň düzümini kesgitlär.

Ýöne köp partiýalar üçin esasy ýaryş - paýtagt Bişkegiň şäher geňeşinden 45 orun almak.

Bişkek häkimiýeti şäher häkimini saýlamga jogapkär. Şeýle-de bu wezipe döwlet derejesinde karýera eýe bolmagy maksat edinýän syýasatçylar üçin “tramplin" bolup hyzmat edýär.
XS
SM
MD
LG