Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malalanyň hormatyna “global hereket güni”


Birleşen Milletler Guramasy 10-njy noýabry Malala Ýusufzaýyň hormatyna “global hereket güni” diýip yglan etdi.
Birleşen Milletler Guramasy 10-njy noýabry Malala Ýusufzaýyň hormatyna “global hereket güni” diýip yglan etdi.
Şenbe güni halkara derejesinde pakistanly 15 ýaşly Malala Ýusufzaýyň hormatyna “global hereket güni” bellenilip geçilýär.

Şeýle ýörite günüň bellenilip geçilmegi baradaky karar ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň sowatlylyk baradaky ýörite wekili, Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Gordon Braun tarapyndan yglan edildi.

Malala Ýusufzaý geçen aý aýal-gyzlaryň sowatlylygyny wagyz etmek boýunça alyp barýan aktiw işi üçin talybanlar tarapyndan atylyp, agyr ýaralanypdy.

Britaniýalylar ony baýraga hödürleýär

Häzirki wagt Malala Ýusufzaý Britaniýanyň Birmingham şäheriniň keselhanasynda bejergi alýar. Britaniýada müňlerçe adam ony parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürläp, gol toplaýyş çäresini geçirdi. Olar Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kamerony-da Malala Ýusufzaýy bu baýraga hödürlemeklige çagyrdylar.

Malalanyň kakasy Ziauddin Ýusufzaý (sagda) Britaniýadaky keselhanada gyzynyň halyndan habar alýar.
Malalanyň kakasy Ziauddin Ýusufzaý (sagda) Britaniýadaky keselhanada gyzynyň halyndan habar alýar.
Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Maşaal gullugy Pkistanyň Swat jülgesinde talybanlar tarapyndan atylyp ýaralanan beýleki bir ýaş gyz Şaziýa Manzur bilen söhbetdeş bolup, onuň şenbe günki bellenilýän halkara güni baradaky garaýşy bilen gyzyklandy.

Ol: “Bu gün Malalanyň güni. Biz şol bir wagtyň özünde hem şatlanýarys, hem gynanýarys. Şatlanmagymyzyň sebäbi, Malalanyň gününde ene-atalar Malalanyň arzuwyny hasyl etmek üçin öz çagalaryny mekdebe ýollarlar. Gynanmagymyzyň sebäbi bolsa, eger Malala biziň bilen bile bolan bolsa, biz bile şatlanardyk. Meniň malala arzuwym: ‘Men saňa tiz sagalmagyňy we biziň bilen bile okuwa gitmegiňi arzuw edýärin’” diýip, nygtady.

Pakistanyň sowatlylyk problemasy

BMG-niň sowatlylyk meselesi boýunça wekili Gordon Braun bu waka gabatlap Pakistanyň paýtagty Yslamabada sapara bardy. Ol bu saparynyň barşynda Pakistanyň häkimiýetleri bilen bu ýurtdaky mekdebe gatnamaýan gyzlary nädip bilim ulgamyna çekip boljakdygy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklygy planlaşdyrýar.

Malala Ýusufzaýyň kakasy bolsa, öz gezeginde, Britaniýadaky keselhananyň üsti bilen beýanat ýaýradyp, bu keselhanadaky öz gyzynyň dünýäniň dürli künjeklerinden adamlaryň öz saglygy barada alada bildirmeklerine çuňňur minnetdardygyny we haýran galandygyny mälim edipdir.

Pakistanly talybanlar 15 ýaşly Malala Ýusufzaýa hüjüm etmekleriniň sebäbini onuň pakistanly gyzlary sowatlylyga çagyryp, alyp barýan aktiw işi bilen baglanyşdyrýarlar. Yslamçy ekstremistler bu ýurtda dünýewi bilim beriş sistemasynyň bolmagyna garşy çykyş edip gelýärler.

BMG-niň maglumatlaryna görä, tutuş dünýä boýunça 32 million töweregi gyza mekdebe gitmeklige ýol berilmeýär. Diňe Pakistanyň özünde 5 million çaga mekdebe gatnamaýar.
XS
SM
MD
LG