Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Wertolýotyň heläkçilige uçramagynda 17 esger öldi


Şenbe güni Türkiýäniň günorta-gündogar regionynda bir harby wertolýotyň heläkçilige uçramagy netijesinde ondaky 17 esger wakanyň pidasy boldy.

Türkiýäniň resmileri bu heläkçiligiň howanyň ýaramazlygy sebäpli ýüze çykandygyny aýdýarlar.

Bu wakanyň ýüz beren ýeri bolan Siirt prowinsiýasynyň gubernatory Ahmet Aýdyň ýaramaz howada wertolýotyň Herekol daglygyna baryp urandygyny mälim etdi.

Maglumata görä, bu wakada wertolýotdaky harbylar şol regiondaky kürt ekstremistlerine garşy harby operasiýa alyp barýan ekenler.
XS
SM
MD
LG