Sepleriň elýeterliligi

Watikanyň ozalky kompýuter tehnigi tussaglyga höküm edildi


Watikanyň Katolik ybadathanasynda kompýuter tehnigi bolup işlän Klaudio Skiarpellettini sud ybadathananyň dokumentlerini habar serişdelerine bermek işine gatnaşanlykda günäli tapyp, ony şenbe güni iki aý şertli tussaglyga höküm etdi.

Ol bu işde aýyplanylýan we ozal Rim papasy Benediktiň kömekçisi bolup işlän Paolo Gabriýelä bu işde ýakyndan ýardam berenlikde günäli tapyldy.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Watikanyň sudy Paolo Gabriýeleni hem bu işde aýyplap, ony 1.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Paolo Gabriýele Watikana degişli bu dokumentleri habar serişdelerine bermegini Katolik ybadathanasyndaky korrupsiýanyň öňüni almak maksady bilen edilen iş hökmünde düşündirýär.
XS
SM
MD
LG