Sepleriň elýeterliligi

Dünýä ýaryşynda iki türkmen sportsmeni medal gazandy


Ysraýylyň Eýlate şäherinde agyr atletika boýunça studentleriň arasynda geçýän dünýä ýaryşynda türkmenistanly sportsmenler iki sany medala mynasyp boldular.

Hususan-da, anna güni erkekleriň arasynda 77 kilogram agramlyk kategoriýada çykyş eden türkmenistanly ştangaçy Rejepbaý Rejebow ştangany siltäp götermekde 146 kilogramy göterip, şu görnüşde bürünç medala mynasyp boldy.

Ştanga götermegiň iki görnüşiniň umumy jemi boýunça bolsa ol bäşinji orna eýe boldy.

Studentleriň arasynda geçýän bu dünýä ýaryşynda 62 kilogram agramlyk kategoriýasynda çykyş edýän türkmenistanly ştangaçy Döwran Gürgenow bolsa şondan bir gün öň ştangany itekläp götermekde kümüş medala mynasyp boldy.

Ştanga götermegiň iki görnüşiniň umumy jemi boýunça bolsa ol dördünji ýeri eýeledi.
XS
SM
MD
LG