Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Ýol ugrundaky 2 partlamada azyndan 9 adam öldi


Ýekşenbe güni Owganystanyň polisiýasy ýol ugrunda goýlan mina arkaly amala aşyrylan iki sany dürli partlamada azyndan 9 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini habar berdi.

Maglumata görä, Host welaýatynyň Sabari etrabynda amala aşyrylan partlamalardan birinde bir maşgaladan 6 adam ölüpdir, olaryň arasynda eli bäbekli bir aýalyň-da bardygy aýdylýar.

Bu wakanyň fonunda ýekşenbe güni Kandagar welaýatynyň Maýwand etrabynda-da ýol ugrunda goýlan minany bir mikroawtobusyň basyp, partlamagy netijesinde 3 adamyň ölüp, ýene 2 adamyň-da ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Ýerli häkimiýetler bu wakalarda talyban söweşijilerine güman bildirýärler. Emma häzirlikçe bu partlamalaryň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almandyr.
XS
SM
MD
LG