Sepleriň elýeterliligi

Birmanyň merkezi regionynda bolan ýer yranmada ençeme adama öldi


Ýekşenbe güni Birmanyň resmileri bu ýurduň merkezi raýonynda ýüz beren güýçli ýer yranmada käbir ýykan-ýumrançylyklaryň bolandygyny habar berdiler.

Çagalary goramak boýunça iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk ýerli gurama häzirlikçe azyndan 13 adamyň ölendiginiň anyklanandygyny aýdýar.

Maglumata görä, Rihter ölçeginde güýji 6.8 bal bolan bu ýer yranmanyň episentrinden 117 kilometr töweregi aralykda ýerleşýän Mandalaý şäherinde ýumrulan jaýlar kän.

Birmadaky bu ýer yranmanyň goňşy Bankokda we Taýlanda-da duýlandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG