Sepleriň elýeterliligi

Eýran blogçynyň tussaglykda ölmegi boýunça derňew geçirmekçi


Eýranyň resmi IRNA habar agentligi ýurduň parlament komitetiniň ýakynda tussag izolýatorynda aradan çykan blogçy Sattar Beheştiniň ölümi bilen baglanyşykly derňew geçirmekçidigini mälim etdi.

Ýekşenbe güni bu habar agentligine beren interwýusynda parlamentiň spikeriniň orunbasary bu derňewiň parlamentiň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komiteti tarapyndan geçiriljekdigini belläpdir.

Oktýabr aýynyň ahyrynda tussag edilen blogçy Sattar Beheştiniň jesedini ýakynda häkimiýetler onuň dogan-garyndaşlaryna tabşyrdylar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir halkara guramalary Eýranyň häkimiýetlerinden onuň tussag izolýatorynda ölmeginiň sebäplerini anyklamak boýunça düýpli derňew geçirmekligi talap etdiler.
XS
SM
MD
LG