Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Mustafa Atatürküň ýadygärligine gül goýuldy


Şenbe güni Aşgabatda Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we onuň ilkinji prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligine gül goýmak çäresi geçirildi.

Soňky ýyllar Türkmenistanda adat bolşy ýaly, bu çäre Mustafa Kemal Atatürküň aradan çykan gününe gabatlanylyp gurnaldy.

Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, okuw jaýlarynyň we dürli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen birlikde Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň we Aşgabatdaky türk kompaniýalarynyň wekilleri-de gatnaşdylar.

Mustafa Atatürküň ýadygärliginiň ýanynda gurnalan bu çärede resmiler, şol sanda Türkiýäniň Aşgabatdaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mutewellioglu hem ýörite söz sözläp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG