Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen synçylary amerikan saýlawlaryna baha berýär


ABŞ-daky bu saýlawlara diňe Birleşen Ştatlarda däl, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem uly gyzyklanma bilen syn edildi.
ABŞ-daky bu saýlawlara diňe Birleşen Ştatlarda däl, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem uly gyzyklanma bilen syn edildi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 6-njy noýabrda geçirilen prezident saýlawlarynda Barak Obama respublikaçy garşydaşy Mitt Romniden üstün çykyp, ikinji möhlete prezident saýlandy.

Bu saýlawa diňe Birleşen Ştatlarda däl, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem uly gyzyklanma bilen syn edildi. Eýsem Amerikada geçen çekeleşikli prezident saýlawlary barada türkmenistanly synçylar näme pikir edýär?

Azatlyk Radiosynyň nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşliginde şu we beýleki meseleler barada pikir alşyldy. Oňa Aşgabatdan ýerli synçylar, hukuk meselelerini öwreniji žurnalist Aşyrguly Baýryýew, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow we Wenadan oppozisiýa wekili Nurmuhammet Hanamow gatnaşdy.

Şu “Tegelek stol” gepleşigini diňlemek üçin şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG