Sepleriň elýeterliligi

Düýn we şu gün barada goşgular


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.

Orak we çekiç

Orak ýitdi gitdi, bir çekiç galdy,
Olam, bak-ha, depämizden abana,
Demirpenje hökümetiň elinde
Öwrüldi äpet bir ýekedabana.

“Adam başy daşdan gaty” diýleni,
Millet başy gaty adam başyndan.
Halka degse agzalalyk keseli,
Eýsem, duşman gerekmi oň daşyndan?

Bäşýyllyk plany ikelläp goldap,
Gygyrdyk: “Dört ýylda berjaý ederis!
Depämizde gyzyl esgi galgadyp,
Kommunizme sary öňe gideris!”

Öňe küje – yza tesdik, wadaryg,
Gözi gyzyl režim bilen göreşdik.
Mekan içre güýç toplamak deregne,
Del ýurtlardan “tiz kömege” garaşdyk.

Müň ýaşadyk çydap agyrymyza,
Egni egne, eli ele bermedik.
Halal rysgymyzy “Merkeze” ýollap,
Tötek istäp boş saçagy sermedik.

Meýletinlik bilen mejburylygyň
Arasy dag bilen deňze barabar...
Bäş barmagy düwüp, bir ýumruk ýasap,
Režimiň zynjyryn gyrsak – ne habar?!

Eger dünýe ýatan bolsa başaşak,
Ony dikeltmeli öwrüp tersine.
Gyt haryda dönen ak mertebäni
Paýlamaly adamlaryň hersine!

***

Dörtlemeler

Gödeksi bir sähne pete-pet gelse,
Oň yoluny beklemejek bolarsyň.
Gyzyklanyp yörme: “Nirä baryaň? diýp,
“Nirden gelýäň?” diýip sorap bilersiň.

***

Deňäp gördüm oba bilen şäheri:
Haýsy biri yaşamaga ýaramly?
Birinde ýeterlik diňe güler ýüz,
Birinde bolmaly eliň ýaragly.

***

Köpler ömür kanunynyň deregne
Ajalyň möhürin maňlaýna elmän...
Kim ölmek isleyä gahryman bolup,
Kim ukuda gitjek oýanman, bilmän.

***

Ynsan ömri – peşgeşmi ýa sowgatmy?
Aýaz baba kemput kibi paýlapmy?
Aglaba ynsana jan beren Taňry
Niçämizi dogmazdan öň jaýlapmy?

***

“Dogry goý kelläňi çapgy ýassyga!” –
Jellat pidasynyň daşyna geçdi.
Jaýdar ornaşdyran bigünä başy,
Soňky demde ötünç sorap ýetişdi.

***

Gara pişik geçip gitse öňünden,
Ýa-da boş bedreli ýoluny kesse,
Ýamanlygy ýeňjek bolýa aýallar
Ýanýan ýüzärlikden çykaryp tüsse.
XS
SM
MD
LG