Ýekşenbe güni Iordanyň sudy bu ýurduň razwedka edarasynyň ozalky başlygy general Mohammad al-Dahabini maliýe galplyklarynda günäli tapyp, ony 13 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Sud ony, hususan-da, bikanun pul ýuwuşlyklarda, kezzaplykda we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda günäli tapdy.
Mundan daşary, Iordanyň sudy general Mohammad al-Dahabiniň döwlete ýetiren maliýe ýitgilerini döwlet gaznasyna gaýtaryp bermelidigi we munuň üstesine döwlete jerime tölemelidigi barada-da karar çykardy.
Onuň döwlete tölemeli umumy pulunyň 30 million dollardygy aýdylýar. General Mohammad al-Dahabi 2005-2009-njy ýyllar aralygynda Iordanyň razwedka edarasyna ýolbaşçylyk edipdi.