Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BBC korporasiýasynyň başlygy dawalar sebäpli wezipeden çekildi


Ýekşenbe güni Britaniýanyň jemgyýetçilik habar korporasiýasy bolan BBC korporasiýasynyň başlygy Jorj Entwisl öz guramasynyň efire beren bir dawaly programmasy sebäpli wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Ol bary-ýogy iki aýa golaý mundan ozal bu wezipä bellenipdi. Jorj Entwisliň wezipeden çekilmegine ýakynda BBC-niň britaniýaly bir syýasatçyny çagalara jynsy taýdan el gatmakda aýyplaýjy programmasynyň efire berilmegi sebäp boldy.

Şol wakanyň yzy bilen BBC bu syýasatça bildirilen aýyplamanyň ýalňyşlykdygyny boýun aldy.
XS
SM
MD
LG