Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Siriýa garşy “jogap oklaryny” atdy


Ysraýyl tarapyndan basylyp alnan Golan belentliklerine golaý ýerde Siriýanyň serhetýaka Barika obasynda snarýad okunyň partlanan pursady. Barika, 7-nji noýabr, 2012.
Ysraýyl tarapyndan basylyp alnan Golan belentliklerine golaý ýerde Siriýanyň serhetýaka Barika obasynda snarýad okunyň partlanan pursady. Barika, 7-nji noýabr, 2012.
Ysraýylyň harby resmileri ýekşenbe güni Siriýanyň territoriýasyndan atylan snarýad oklarynyň Ysraýyl tarapyndan basylyp alnan Golan belentliklerine düşüp, partlanandygyny mälim etdiler.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Awital Leýbowiç bu snarýad oklarynyň tötänleýin gelip düşen diýlip hasaplanylýandygyna garamazdan, oňa garşy Ysraýyl tarapyndan duýduryş oklarynyň atylandygyny aýtdy.

“Biz munuň Siriýanyň içerki konfliktleriniň netijesidigine we bu oklaryň Ysraýyla garşy gönükdirilmändigine düşünýäris. Biz Siriýanyň territoriýasyna duýduryş oklaryny atdyk we bu bolan waka boýunça BMG-niň kanallarynyň üsti bilen şikaýat gönderdik” diýip, Awital Leýbowiç belledi.

Ysraýylyň ýekşenbe güni Siriýanyň territoriýasyna atan raketa oklary bu iki ýurduň arasynda 1973-nji ýylda bolan harby konfliktlerden bäri ilkinji gezek Ysraýylyň Siriýanyň territoriýasyna ok atmasy hökmünde alamatlandy.

Bu belentligiň ýakyn taryhy

1973-nji ýylda Ysraýylyň güýçleri Golan belentliginiň käbir günorta böleklerini kontrollykda saklaýan Siriýanyň goşunlaryny ol ýerden gysyp çykaryp, bu belentligi öz ellerine geçiripdiler.

Ozalbaşda, Golan belentliginiň esasy bölegi 1967-nji ýylyň Ýakyň Gündogar urşunda Ysraýyl tarapyndan Siriýadan basylyp alnypdy. 1981-nji ýylda-da Ysraýyl ol ýeri özüne birikdirdi. Emma bu Golan belentligi henizem halkara derejesinde Ysraýylyň territoriýasy hökmünde ykrar edilmän gelinýär.

Soňky bir hepdäniň dowamynda Siriýanyň serhetýaka raýonlarynda barýan ýaragly konfliktleriň dowamynda bu ýurduň territoriýasyndan şu Golan belentliklerine birnäçe snarýad oky gelip düşdi. Ýöne bu oklaryň partlamagy Ysraýylyň infrastrukturasyna hiç hili zyýan ýetirmedi.

Ýöne, şeýle-de bolsa, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu öz ýurdunyň güýçleriniň Siriýanyň serhetýaka raýonlarynda barýan wakalara ýakyndan gözegçilik edýändiklerini we Siriýanyň serhetlerinde ýüze çykmagy mümkin islendik bir garaşylmadyk wakalara taýýardyklaryny aýtdy.

Ýekşenbe güni Siriýanyň territoriýasynda Golan belentliklerine snarýad oklarynyň atylmagy bilen baglanyşykly waka Siriýadaky konfliktleriň bu ýurduň daşarlaryna-da ýaýramagynyň mümkindigi barada aladalaryň artýan döwrüne gabat geldi.
XS
SM
MD
LG