Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumy gurular


Dekabr aýynda Aşgabadyň merkezi köçeleriniň birinde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumy gurular. TDH gullugynyň maglumatyna görä, bu barada geçen anna güni hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow karara gol goýupdyr.

Bu proýektiň çäginde Atamyrat Niýazow adyndaky şaýolunda 14 sany ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýy, her birinde 600 orunlyk iki sany mekdep we 160 orunlyk çagalar bagy, Türkmenistanyň döwlet ösüş bankynyň edarasy we iki sany ýerasty geçelge gurular.

Bu binalaryň gurluşygy 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga berilmeli edildi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda indi birnäçe ýyl bäri uly göwrümli jaý gurluşyk işleri dowam etdirilýär.
XS
SM
MD
LG