Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: ABŞ birleşen oppozisiýany goldajakdygyny yglan edýär


Waşington Siriýadaky täze birleşen oppozision kaolisiýany goldajakdygyny yglan etdi.

Prezident Başar al-Assada garşy durýan birnäçe topar Pars aýlagyna degişli ýurtlaryň Katarda geçirilen gepleşiklerinden soň ýekşenbe güni birleşmek barada ylalaşdy.

Bu täze topar Siriýanyň oppozision we rewolýusion güýçleriniň milli kaolisiýasy diýlip atlandyrylar. Sünni musulman ruhanysy Moaz al-Hatib bu toparyň başlyklygyna saýlandy.

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň sözçüsiniň orunbasary Mark Toner ýekşenbe güni bu oppozisiýa toparyny gutlady we Waşingtonyň bu topar bilen bilelikde işleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Bu kaolisiýa halkara jemgyýetçiliginiň täze blok döretmek boýunça basyşy esasynda döredildi.

Halkara jemgyýetçiliginiň doly goldawyny alanyndan soň Milli kaolisiýa wagtlaýyn hökümet döretmäge söz berdi.
XS
SM
MD
LG