Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň parlamenti 2013-nji ýylyň tygşytlaýjy býudjetini kabul etdi


Garşylyklara garamazdan Gresiýanyň parlamenti 2013-nji ýyl üçin ýurduň tygşytlaýjy býudjetini kabul etdi.

Tygşytlaýjy býujetiň kabul edilmegi Gresiýany bankrotdan halas etmek üçin halkara maliýe ýardamlaryny almaklyga tarap ädilen möhüm ädim hasaplanýar.

Bu býujet 300 agazaly Parlamentde sesleriň köplügi bilen kabul edildi.

Mundan dört gün öň ýurduň ykdysadyýetini uly çökgünlikden halas etmek maksady bilen, býujet çykdajylaryny uly derejede çäklendirýän täze kanun sesleriň az-owlak artykmaçlygy bilen kabul edilipdi.

Býujet boýunça Parlamentde ses berilýän wagtynda müňlerçe protestçi ýöriş geçirdi.

Ýekşenbe güni çap edilen maglumata görä, Gresiýanyň ilatynyň 85 prosenti maliýe kynçylyklary başdan geçirýär.
XS
SM
MD
LG