Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň premýer-ministri Brýussele sapar edýär


Gürjüstanyň premýer-ministri Bidzina Iwanişwili duşenbe güni Brýussele üç günlük resmi sapara barýar. Ol Brýusselde NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen we Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Hose Manuel Barroso bilen duşuşýar.

Bu 1-nji oktýabrda “Gürji arzuwy” atly kaolisiýanyň Gürjüstanyň parlament saýlawlarynda sesleriň köplügini gazananyndan soň Iwanişwiliniň daşary ýurda ilkinji resmi saparydyr.

Orsýetde maddy hal-ýagdaýa eýe bolan 56 ýaşly milliorder saýlawlarda prezident Mihail Saakaşwiliniň “Birleşen milli hereketini” ýeňdi we garşydaşynyň Gürjüstanyň syýasatyndaky dokuz ýyllyk agalygynyň soňuna çykdy.
XS
SM
MD
LG