Sepleriň elýeterliligi

Rasmussen Gürjüstandaky tut-da-basdan alada bildirýär


NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen (Ç) NATO-nyň Parlament assambleýasynyň Pragadaky sessiýasynda Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen duşuşýar. Praga, 12-nji noýabr, 2012 ý.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen (Ç) NATO-nyň Parlament assambleýasynyň Pragadaky sessiýasynda Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen duşuşýar. Praga, 12-nji noýabr, 2012 ý.

NATO-nyň baş sekretary geçen aý bolan parlament saýlawlaryndan bäri Gürjüstandaky syýasy ýagdaýlardan çynlakaý alada galýandygyny aýtdy.

Anders Fog Rasmussen duşenbe güni NATO-nyň Parlament assambleýasynyň Pragada bolan duşuşygynda bu ugurdaky aladalaryny dile getirdi.

“Gürjüstanda geçen saýlawlardan bäri görýän zatlarymyzdan meniň gaty alada galýandygymy ýaşyryp oturmagyň hajaty ýok, bu golaýda syýasy garşydaşlaryň tussag edilmegine kän dahylly hem däl. Elbetde, bu hili işleri Gürjüstanyň sud, kanunçylyk sistemasy seljermeli, emma şeýle sud seljerişlikleriniň syýasy gatyşmalardan halas bolmagy möhüm we biz bu ýagdaýlary gaty ýakyndan yzarlarys” diýip, Rasmussen aýtdy.

Girew astyndaky azatlyk

Gürjüstanyň sudy anna güni ýurduň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň komandiri Giorgiý Kalandadzäni we gürji goşunynyň brigada komandiri Zurab Şamatawany girew esasynda azatlyga goýberdi. Emma öňki içeri işler ministri Baço Akhalaýa deslapky tussaghanada iki aýlap saklanmaly edildi.

Bu üç adam geçen hepde tussag edilip, wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplandy. Olaryň üçüsi hem prezident Mihail Saakaşwiliniň ýolbaşçylygy astynda işläpdi.

Rasmussen bu sud işlerine syýasy gatyşmanyň bolmazlygynyň möhümdigini nygtady.

NATO-nyň Pragadaky duşuşygyna Mihail Saakaşwili hem gatnaşdy. Ol Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özüniň Rasmusseniň aýdýan zatlary bilen razylaşýandygyny aýtdy.

Esasy mesele kanunçylyk

“Biz üçin esasy mesele kanun prosedurasynyň bolmagy, ýagny bu ýerde gürrüň bir adamyň günälidigi ýa bigünädigi barada däl. Gürrüň kanunyň hökmürowanlygy we kanun prosedurasynyň saklanmagy barasynda” diýip, Saakaşwili aýtdy.

Ol özleriniň hut şu nukdaý nahzardan hem bir topar aladalarynyň bardygyny sözüne goşdy.

Saakaşwiliniň “Birleşen milli hereketi” oktýabrda geçen parlament saýlawlarynda täze premýer ministr Bidzina Iwanişwiliniň “Gürji arzuwy koalisiýasyndan” asgyn gelipdi.

Iwanişwili şonda nädogry işleri etmekde güman edilýän resmilere garşy çäre görjekdigini aýdypdy.

Rasmusseniň bellikleri Iwanişwiliniň saýlawlardan bäri daşary ýurda edýän ilkinji resmi saparyna, ýagny onuň Brýussele baran wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG