Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň adam hukuklary boýunça edarasy täze agzalary saýlar


Duşenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasy guramanyň adam hukuklary boýunça edarasyna täze 18 agza saýlaýar.

Düýbi Ženewada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça geňeşiň 47-nji agzasy bolmak üçin Gazagystan, Montenegro we Pakistan kandidaturasyny hödürlediler.

Halkara “Amnesty International” guramasy adam hukuklary boýunça diňe “borçlaryny berk ýerine ýetirýän” döwlet agzalyga saýlanyp bilner diýýär.

Londonda ýerleýşän bu halkara guramasy “hökümetiniň kabul edýän kararlary boýunça maslahata giň halk köpçüliginiň gatnaşdyrylmagyna” Gazagystany çagyrýar.

“Amnesty International” guramasy Montenegroda diskriminasiýa garşy kanunyň “doly işledilmegine” we Romalaryň we gomoseksuallaryň diskriminasiýasyna garşy göreşi güýçlendirmäge çagyryş edýär.

Pakistan bilen baglylykda bolsa, ýurtdaky dini azlyklara garşy ulanylýan diskriminasiýanyň, azar bermeleriň we bidüzgünçilikleriň öňüni almakdaky “yzygiderli şowsuzlyklar” dogrusynda "Amnesty International" alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG