Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: öňki regional häkimiň orunbasaryna suduň hökümi çykaryldy


Gazagystanyň sudy ýurduň günbatarynda ýerleşýän Magystau regionynyň häkiminiň ozalky orunbasarynyň garşysyna 12 ýyl türme tussaglygy barada höküm çykardy.

Günortada ýerleşýän Gyzylorda şäher sudy Žanözen şäherinde nebitçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklar bilen baglylykda tussag edilen Amangeldi Aitkulowy wezipesini hyýanatçylykly peýdalanmakda we para almakda günäli tapdy.

Dekabr aýynda Žanözen şäherinde bolan gozgalaňda polisiýa 16 adamy atyp öldüripdi.

Gazagystanyň häkimiýetleri işçilere degişli bolan pul serişdelerini ogurlanlykda aýyplap, birnäçe ýerli resmileriň işleri boýunça derňew geçirdiler.
XS
SM
MD
LG