Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň oppozisiýasy birleşmek barada ylalaşdy


Siriýanyň oppozision toparlarynyň Kataryň paýtagty Dohada geçirilen gepleşiklerine gatnaşyjylar, 11-nji noýabr.

Siriýanyň oppozision toparlarynyň Kataryň paýtagty Dohada geçirilen gepleşiklerine gatnaşyjylar, 11-nji noýabr.

Siriýanyň oppozision toparlary Kataryň paýtagty Dohada ençeme günläp dowam eden gepleşiklerden soň Siriýanyň lideri Başar al-Assady agdarmak üçin, özleriniň ýekşenbe güni birleşmek barada ylalaşyga gelendiklerini bildirdiler.

Täze koalisiýanyň ýolbaşçylygyna saýlanan Damaskyň meşhur Umaýýad metjidiniň öňki ymamy Mouaz al-Hatib. Onuň orunbasarlarynyň biri bu toparyň döredilmegini teklip eden Riad Seif, beýlekisi hem aktiwist zenan Suhair al-Atassi.

Dohada giden gepleşiklere gatnaşan Siriýanyň "Musulman doganlygy" toparynyň öňki başlygy Ali Sadreddine al-Baýouni şeýle diýdi: "Režim bilen gepleşik geçirere ýer ýok diýen pikir bilen hemmeler ylalaşýarlar. Beýleki partiýalaryň goşulmagy bilen baglylykda Riad Seifiň inisiatiwasyna ençeme düzetme girizildi. Siriýanyň ”Milli geňeşi” düýn duşuşyp, käbir bellikler girizip, gol çekilen jemleýji taslama bilen ylalaşdy".

Dohada gepleşikleriň bir bölegine gatnaşan Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu ylalaşygyň oppozisiýanyň arasynda indi bölünişigiň ýokdugyny görkezýändigini belledi.

Täze topar ”Oppozision we rewolusion güýçler boýunça Siriýaniň milli koalisiýasy” diýen at bilen iş alyp barar. Ylalaşyga gelinmegine sebäp bolan giň gerimli koalisiýa barada halkara derejesinde edilen gysyş.

Uzak ikirjiňlenmeden soň to topara goşulan siriýanyň Milli geňeşi ýurduň oppozisiýasynyň agzyny birikdirmegi başarmanlygy, ýurduň öz içinde wekilleriniň ýokdugy üçin Günbatar tarapyndan tankytlanypdy.

Siriýanyň oppozisiýasy bu hereket özlerine günbatar we arap ýurtlarynyň has köpräk goldawyny üpjün eder diýen umytda. Analizçiler Arap Ligasynyň bu halkara guramada agzalan toparyň Siriýa wekilçilik etmegine ýol bermegine garaşylýandygyny aýdýarlar.

Gepleşiklere gatnaşan delegatlaryň aýtmagyna görä, koalisiýa öňümizdäki hepdelerde 10 agzaly aralyk hökümeti gurmaga synanyşar. Analizçiler bu organ Liwiýanyň ”Milli aralyk geňeşi” ýaly bolar diýýärler. Liwiýanyň ”Milli aralyk geňeşi” hem gozgalaň gidýärkä gurlup, Muammar Kaddafi häkimiýet başyndan çetleşdirileninden soň häkimiýet başyna gelipdi.

Bu aralykda Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak Siriýa tarapdan atylýan oklar tötänleýin Ysraýylyň topragyna düşen halatynda oňa "berk jogap" beriljekigini aýdyp, duýduryş berdi.

Siriýa tarapdan atylan snarýad oklary Golan belentliklerinde bir harby posta degensoň, Ysraýyl hem duýduryş üçin yzyna ok atdy. Ysraýylyň harby sözçüsiniň aýtmagyna görä Golan belentliklerine düşen okuň ýetiren zyýany ýok.

Birnäçe günüň içinde Siriýa tarapdan atylan snarýad oklary iki gezek Golan belentliklerine düşdi.

Golan belentliklerini Ysraýyl 1967-nji ýylda Orta Gündogar urşunda Siriýadan basyp alypdy. Ol soňra hem ony öz territoriýasyna birikdirdi.
XS
SM
MD
LG